Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 5802-nji Permanyna üýtgetme girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran
5802-nji Permanyna üýtgetme girizmek hakynda
010.180.0120
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 9, 2160-njy madda)
«Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran 12141-nji kararyna laýyklykda, karar edýärin:
«Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 5802-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2011-nji ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 1381-nji maddasy) 1-nji goşundysynyň Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynda 36-njy bölümini aýyrmaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2012 ý. sentýabr aýynyň 19-y.
№ PP-6180