Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmek hakynda

130.010.100

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 5, 1918-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny dünýä bazarlaryna köpugurly ulgamlar arkaly çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, nebitgaz pudagyny ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalarymyzy ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmeli.

2. Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, B.Hojamuhammedow, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 25-nji maýy.

№ PP-6081