Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes etmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz

serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky

döwlet agentliginiň işini bes etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 7, 4174-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 13.06.2024 ý. çykaran № PP-375 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynyň işini hem-de onuň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes etmeli.

2. Işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň:

Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Permanyň 3-nji bölüminiň ikinji bendinde görkezilen şertnamalaryň şertlerine laýyklykda nebit we gaz işlerini ýerine ýetirmek boýunça Ygtyýarnamalary bermek, bu Ygtyýarnamalaryň möhletlerini uzaltmak;

şu Permanyň 3-nji bölüminiň ikinji bendinde görkezilen nebitgaz taslamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

halkara nebitgaz geçirijileriniň taslamalary boýunça degişli işleri alyp barmak wezipelerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň;

Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Permanyň 3-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen şertnamalaryň we ylalaşyklaryň şertlerine laýyklykda Nebit işlerini ýerine ýetirmek boýunça Ygtyýarnamalary bermek, bu Ygtyýarnamalaryň möhletlerini uzaltmak;

Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary boýunça Nebit işlerini geçirmek babatynda gepleşikleri geçirmek, gepleşikleriň netijesi boýunça şertnamalary baglaşmak we ygtyýarnamalary bermek;

şu Permanyň 3-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen nebitgaz taslamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek wezipelerini «Türkmennebit» döwlet konserniniň üstüne ýüklemeli.

3. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerini degişlilikde işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, şol sanda:

«Türkmengaz» döwlet konsernini «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Hytaýyň «Internasional Ltd» Milli Nebitgaz Korporasiýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama boýunça;

«Türkmennebit» döwlet konsernini «Çeleken» şertnamalaýyn çägi boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oýl(Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk, «Nebitdag» şertnamalaýyn çägi boýunça Italiýa Respublikasynyň «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk, «Hazar» şertnamalaýyn çägi boýunça Awstriýa Respublikasynyň «Maýtro Interneýşnl Limited» kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, «Toplum-III» şertnamalaýyn çägi boýunça Beýik Britaniýanyň «Berid Hill Serdar Limited» kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, «Toplum-21» şertnamalaýyn çägi boýunça Kipr Respublikasynyň «ARETI GRUP LIMITED» kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama,«Toplum-23» şertnamalaýyn çägi boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «RWE Dea AG» kompaniýasy bilen baglaşylan Onümi paýlaşmak hakyndaky şertnama boýunça hukuk oruntutarlary diýip kesgitlemeli.

4. Işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndaky daşary ýurt puly hasabyndaky serişdeleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky ýörite hasabyna geçirmeli we bu serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanmaly.

5. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň emläginiň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, rejeli ulanylmagyny üpjün etmeli.

6. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Ý.Kakaýew, B.Hojamämmedow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji iýuly.

№ PP-7043