Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligini ýatyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligini ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligini ýatyrmak hakynda

010.150.010

090.070.080

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 7, 4173-nji madda)

Nebit we gaz pudagyna degişli edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligini ýatyrmaly.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz senagaty bölüminiň üstüne nebiti, gazy, mineral serişdelerini gözlemek, barlamak, olaryň känlerini özleşdirmek, olary çykarmak, gaýtadan işlemek, nebitgaz serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerinde bir bitewi syýasaty ýöretmek wezipelerini ýüklemeli.

3. Ýatyrylan Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň garamagyndaky:

Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirligini we «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyny «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyna;

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň redaksiýasyny «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyna bellenilen tertipde bermeli.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine TürkmenistanyňMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Ý.Kakaýew, B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy Ş.Durdylyýew we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji iýuly.

№ PP-7042