Oraza baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramyny bellemek hakynda
010.210.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 7, 4153-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, şeýle hem «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2016-njy ýylyň 6-njy iýulynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 01-nji iýuly.
№ PP-7020.