Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, №2, 3959-njy madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.10.2017 ý. çykaran № PP-204 Permany esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 4243-nji Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2005-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 100-nji maddasy) bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakynda Düzgünnamanyň 6-njy bölüminiň soňky bendiniň öň ýanyndan şu mazmunly bendi goşmaly:
«Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgiler boýunça goşmaça töleg nyşanlaryny taýýarlamagy üpjün etmekden, hasaba almakdan we paýlamakdan;».
2. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permany bilen tassyklanan:
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynyň 1-nji bölüminiň bäşinji we ýigriminji bentlerinden soň degişlilikde şu mazmunly bentleri goşmaly:
«Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory.»;
«Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesi;»;
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynyň 1-nji bölüminiň onunjy bendini aýyrmaly.
3. «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň gämi Tertipnamasyny hem-de ýolbaşçy adamlaryň baýdaklarynyň teswirlerini we şekillerini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda çykaran 5878-nji Permanynyň 1-nji bölüminiň altynjy bendinde «güýçleriniň serkerdebaşysynyň» diýen sözleri «güýçleri serkerdeliginiň serkerdesiniň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
şol Perman bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň gämi Tertipnamasynda:
86-njy bölüminde, 90-njy bölüminiň birinji bendinde, 99-njy bölüminiň ikinji bendinde, 207-nji bölüminiň «g» kiçi bölüminde, 324-nji bölüminiň ikinji bendinde, 606-njy, 623-nji, 671-nji bölümlerinde «TÝGHDG-niň serkerdebaşysynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesiniň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
121-nji bölüminde «TÝGHDG-niň» diýen sözi «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
281-nji bölüminde, 319-njy bölüminiň bäşinji bendinde, 326-njy bölüminiň ikinji bendinde, 626-njy bölüminiň «b» kiçi bölüminde, 647-nji bölüminde «TÝGHDG-niň serkerdebaşysy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesi» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
şol Perman bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdebaşysynyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň gämilerinde galdyrylýan baýdagynyň teswiriniň we şekiliniň adynda «güýçleriniň serkerdebaşysynyň» diýen sözleri «güýçleri serkerdeliginiň serkerdesiniň» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
1 böleginiň 4-nji bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.10.2017 ý. çykaran № PP-204 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
II. «I.M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyny açmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 30-njy awgustynda çykaran 5163-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2008-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 482-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2016-njy ýylyň 22-nji fewraly
№ PP-6921