Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini
döretmek hakynda
010.150.010
090.120.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, №1, 3873-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we oba hojalygyny toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligini, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini, Döwlet maldarçylyk birleşigini hem-de «Türkmenpagta» döwlet konsernini we onuň garamagyndaky «Ak altyn» pagta söwda kärhanasyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hem-de «Türkmenpagta» döwlet konserniniň we onuň garamagyndaky «Ak altyn» pagta söwda kärhanasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary E.Orazgeldiýew, B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2016-njy ýylyň 8-nji ýanwary
№ PP-6877