2014-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
2014-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny
çagyrmak hakynda
010.190.150
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2820-nji madda)
Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda çagyrmaly.
2. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemeli.
3. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 23-nji oktýabry
№ PP-6448
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2013-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda
çykaran PP-6448-nji Permany bilen
tassyklandy
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Toparyň Başlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Toparyň Başlygynyň orunbasary
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary
Toparyň agzalary
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji
Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri
Türkmenistanyň Goranmak ministri
Türkmenistanyň Baş prokurory
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy