Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesini bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti
derejesini bermek hakynda
130.010.100
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 8, 2736-njy madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy düýpli gowulandyrmak, halkara ölçeglerinden ugur alyp, okuw we tejribe işini guramagyň ýokary hilli bolmagyny gazanmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesini berip, ony Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, B.Hojamuhammedow we Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow