Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň zähmet haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň zähmet haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
050.100.010
130.010.060
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 7, 2669-njy madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumy orta bilim berýän mekdeplerde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, ýaşlara berilýän bilim-terbiýäni halkara derejesinde ýola goýmakda, ösüp gelýän nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde mugallymlary höweslendirmek we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan umumy orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň aýlyk zähmet haklarynyň (tarif stawkalarynyn) möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri 2013-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetine girizmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradow, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2013-nji ýylyň 12-nji iýuly
№ PP-6366