Azyk senagaty assosiasiýasyny Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi diýip atlandyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Azyk senagaty assosiasiýasyny Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi diýip atlandyrmak hakynda
010.150.030
090.070.190
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 4, 2502-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň azyk senagaty pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmek arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Azyk senagaty assosiasiýasynyň adyny üýtgedip, ony Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýazmyradow, A.Goçyýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2013 ý. aprel aýynyň 12-si
№ PP-6313