Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasyny «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi diýip atlandyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasyny «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi diýip atlandyrmak hakynda
010.150.030
090.130.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 4, 2501-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, galla önümlerini öndürýän pudagyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli galla önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň adyny üýtgedip, ony «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi diýip atlandyrmaly.
2. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýazmyradow, A.Goçyýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2013 ý. aprel aýynyň 12-si
№ PP-6312