Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

«Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek hakynda

010.150.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 4, 2499-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmeli.

2. «Türkmenhaly» döwlet birleşigini üýtgedilip guralan «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2013 ý. aprel aýynyň 12-si

№ PP-6310