Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerine we oňa gatnaşanlara, internasionalist esgerlere hem-de wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalaryna gomşaça ýeňillikler hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerine we oňa gatnaşanlara, internasionalist esgerlere hem-de wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalaryna gomşaça ýeňillikler hakynda

У К А З

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P E R M A N Y

Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerine we oňa gatnaşanlara, internasionalist esgerlere hem-de wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalaryna gomşaça ýeňillikler hakynda

060.140.020

(Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý, № 17-18, 183 madda)

Çözülmedik sosial problemalaryň ýitiligini, ýaşamak üçin howa şertleriniň çylşyrymlydygyny nazara alyp hem-de Beýik Watançylyk urşunyň inwalidleriniň, oňa gatnaşanlaryň, internasionalist esgerleriň hem-de wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalarynyň durmuş şertlerini we saglygyny goramagy mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şu aşakdaky çäreleri durmuşa geçirmeli:

1. 1991-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerini we wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalaryny, 1993-nji ýylda bolsa Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlary, şeýle hem şolar bilen deňleşdirilen we 1991-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli nobatda durýan adamlary ýaşaýyş jaý meýdany bilen üpjün etmegi Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň ministrliklere we wedomstwolara, halk deputatlarynyň oblast, Aşgabat şäher, respublikan tabynlygyndaky raýonlaryň we şäherleriň raýon we şäher Sowetleriniň ispolkomlaryna, kärhanalara we guramalara tabşyrmaly.

Beýik Watançylyk urşunyň inwalidleriniň we oňa gatnaşanlaryň, ipternasionalist esgerleriň hem-de wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalarynyň häzirki wagtda ýaşaýan döwlet we wedomstwolaýyn jaýlaryny hem-de kwartiralaryny olaryň şahsy eýeçiligine bermeli ýa-da olary jaý kireýi tölemekden boşatmaly.

2. Beýik Watançylyk urşunyň inwalidleri barada göz öňünde tutulan ýeňillikleriň kommunal hyzmatlar (suw, gaz üpjünçiligi, ýyladyş, elektrik energiýasy) üçin tölemeli tölegler hakyndaky bölegini Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hem-de internasionalist esgerlere degişli etmeli, merkezi ýyladyş sistemasy arkaly ýyladylmaýan jaýlarda ýaşaýanlara bolsa ilata satmak üçin bellenen normalaryň çäklerinde satyn alynýan odunyň-ýangyjyň haky barada degişli etmeli.

3. Wepat bolup internasionalist esgerleriň her bir maşgalasyna 5 müň manat mukdarynda birwagtlaýyn maliýe kömegini bermeli.

Inwalid internasionalist esgerlere şu aşakdaky mukdarda birwagtlaýyn maliýe kömegini bermeli:

birinji topar inwalidlerine - 5 müň manat,

ikinji topar inwalidlerine - 3 müň manat

üçunji topar inwalidlerine - 1 muň manat.

4. Gospitallarda (bölümlerde we palatalarda, kesel bejeriş edaralarynda we dispanserlerde) her günde bir näsag adamyň iýmiti üçin we däri-derman almagy üçin Beýik Watançylyk urşunyň inwalidleri barada bellenen çykdajylaryň pul normasyny Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hem-de internasionalist esgerlere degişli etmegi Türkmenistan SSR Ministrler Sowetine tabşyrmaly.

5. Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerine, oňa gatnaşanlara we internasionalist esgerlere şahsy peýdalanmaklary üçin satar ýaly 1991-nji ýylyň bazar fondundan ýeňil awtomaşynlaryň, ýigrimi prosentini bölüp bermeli.

6. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň, internasionalist esgerleriň we wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalarynyň 1990-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli hasaba alnanlarynyň öýlerine halk deputatlarynyň ýerli Sowetleriniň ispolkomlarynyň serişdeleriniň hasabyna 1991-1993-nji ýyllarda telefon çekilmegini üpjün etmegi halk deputatlarynyň oblast, Aşgabat şäher, respublikan tabynlygyndaky raýonlaryň we şäherleriň raýon hem-de şäher Sowetleriniň ispolkomlaryna, Türkmenistan SSR Aragatnaşyk ministrligine, wedomstwolara degişli telefon stansiýalarynyň ýolbaşçylaryna tabşyrmaly.

Ilatyň öýüne telefon çekmek kadalarynyň we nobatynyň berjaý edilişine kontrollyk etmek baradaky deputat komissiýalaryny döretmegi halk deputatlarynyň ýerli Sowetlerine tabşyrmaly.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-njy ýylyň 5-nji sentýabry

№ 14-XII.