Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistan SSR-niň graždanlarynyň pensiýa üpjünçiligini we olara sosial taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak baradaky goşmaça çäreler hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistan SSR-niň graždanlarynyň pensiýa üpjünçiligini we olara sosial taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak baradaky goşmaça çäreler hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P E R M A N Y

Türkmenistan SSR-niň graždanlarynyň pensiýa üpjünçiligini

we olara sosial taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak baradaky

goşmaça çäreler hakynda

(Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý, № 17-18, 182-madda)

9-njy punktdan başgalary TSSR-niň Ýokary Sowetiniň 26.03.1991ý. çykaran № 449 Karary esasynda güýjüni ýitiren.

9. Döwlet sylaglary bolan inwalid internasionalist esgerlere iş stažyna garamazdan, aýda aşakdaky möçberlerde respublikan ýa-da ýerli ähmiýetli personal pensiýa bellemeli:

- I topar inwalidlere - 160 manat

- II topar inwalidlere - 150 manat

- III topar inwalidlere- 90 manat.

Wepat bolan internasionalist esgerleriň enelerine 50 ýaşyny dolduranda aýda azyndan 80 manat möçberinde respublikan ýa-da ýerli ähmiýetli personal pensiýa bellemeli.

Şu Permany 1991-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-nji ýylyň 5-nji sentýabry

№ 13-XII