Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2026 ý., № 1-2, 1116-njy madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini işini bes eden Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde:

1) Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi hakynda Düzgünnamanyň, Ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;

2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2026-njy ýylyň 13-nji fewraly

№ PP-623