Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň

çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 8-9, 1025-nji madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetiniň başlygy Khoja Murad Ata Murady,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan, Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdul Rahman Ahmady,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň germaniýaly şahsy agzasy Abdul Hakim Nasseryny.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-y.

№ PP-574