Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

S.Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

S.Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S.Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 803-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigini, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giň gerimli işlerini, şekillendiriş sungatynda özboluşly heýkeltaraşlyk mekdebini kemala getirendigini, ýurdumyzyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini – «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-i.

№ PP-443