Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin

Strategiýasyny tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 809-njy madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, döwrebap düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny;

2) Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024-2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, beýleki degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry

№ PP-449

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda

çykaran РР-449-njy Permany bilen

tassyklandy

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin

STRATEGIÝASY

I bap. Giriş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ylym ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli we ählumumy derejeli döwlet maksatnamalaryna laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar, birnäçe möhüm kararlar we çözgütler kabul edilýär.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-intellektual başlangyçlary mynasyp dowam etdirilip, ýurtda bu ugurda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasiýa işini, tebigy hem-de takyk, durmuş-ynsanperwer ylymlaryny, himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmek, ylmy işgärleri taýýarlamak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek, energiýany tygşytlamak, seýsmik taýdan howply zolaklarda bu howpa baha bermek we seýsmik töwekgelçiligi peseltmek, ylym ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň berjaý edilmegini maksat edinýän gysga we uzak möhletleýin, milli hem-de halkara derejesindäki döwlet maksatnamalary amala aşyrylýar.

Ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini tygşytlamak we ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen işler bilen bir hatarda, energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny barlamak, gazyp almak, işläp taýýarlamak we peýdalanmak boýunça täze tehnologiýalar döredilýär, ýangyjy elektrik hem-de ýylylyk energiýasyna özgertmek ugrunda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, gidromineral çig malyň düzümini we fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak boýunça düýpli ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan diňe bir ylmy wezipeler çözülmän, eýsem olaryň ylmy esasly işläp taýýarlamalary önümçilik kärhanalaryna giňden ornaşdyrylýar.

Bimöçber aladalar bilen daşary ýurtlaryň golýazmalar hazynalarynda, kitaphanalarynda saklanylýan türkmen halkynyň taryhyna, sungatyna, edebi we medeni mirasyna degişli çeşmeleri, golýazmalary gözlemek, tapmak hem-de surat, mikrofilm, sanly we neşir nusgalaryny ýurdumyza getirmek, ylmy esasda öwrenmek, terjime etmek we halka ýetirmek babatda-da köpugurly işler dowam etdirilýär.

Döwletiň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyny ösdürmekde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary örän möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, tehnologiýa merkezlerinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikler we amatly şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkezi ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlar Geňeşleri görnüşinde hereket edýär. Bu işler ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny höweslendirmäge, olaryň işjeňleşmegine we durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge, halkara forumlaryna hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaş alymlary bilelikdäki hem-de utgaşyklykdaky taslamalary amala aşyrmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmek, ylym ulgamyny ösdürmek, halkyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanylan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» (mundan beýläk - Strategiýa) täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň kämilleşdirilmegini, şeýle hem tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň mümkinçilikleriniň özara baglanyşygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, bu Strategiýada milli ykdysadyýeti innowasiýa taýdan ösdürmek üçin ylmy-tehniki işleri amala aşyrmak, tehnologiýalary we önümleriň nusgalaryny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatdaky iş üçin gönükdirilýän döwletiň, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň maliýe serişdelerini we daşary ýurt maýa goýum serişdelerini bir ýere jemlemek we olaryň tygşytly peýdalanylyşyna gözegçilik etmek, tejribe-konstruktorçylyk hem-de tehnologik işleri ýerine ýetirmek, täze işläp taýýarlamalaryň, taslamalaryň, önüm nusgalarynyň maglumat binýadyny döretmek, innowasiýa taslamalaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin önümçiligiň ylmy-tehnologiýa we ylmy-guramaçylyk işlerine ýardam bermek, ylmy hem-de tehnologiýa işleri babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly möhüm wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

II bap. Türkmenistanyň ylym ulgamynyň häzirki ýagdaýy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ylmy institutlarynda hem-de merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýurdumyzda bitewi ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň giňden durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny hemmetaraplaýyn işläp düzmek hem-de yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýan edara bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ösüşinde ylmyň gazananlarynyň, innowasiýa tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tejribäniň wajyp binýatlyk ornuny, Türkmenistanda ylmyň, bilimiň, tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň ileri tutulýan ugurlarynyň ösüşini, ylym-bilim ulgamynyň umumy ösüşi bilen bagly täze bilimleriň alynýandygyny, onuň bilen bagly täze hünärleriň döreýändigini göz öňünde tutup, şeýle-de ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde Türkmenistanda ylmy işgärleriň hünärleriniň sanawy hem-de ylmy hünärleriň pasportlary döwrebaplaşdyrylýar.

Häzirki wagtda ýurduň ylmy-tehniki kuwwaty ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaýyn ylmy edaralaryň, ylmy-önümçilik we ylmy-tehnologik merkezleriň, taslama edaralarynyň birnäçesinden ybaratdyr.

Ylmy-barlaglary maliýeleşdirmek döwlet býujeti bilen bir hatarda «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda alym Arkadagymyzyň ýurduň ylmy kuwwatyny ösdürmek hakyndaky parasatly taglymaty netijesinde dürli ýyllarda «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmegi bilen, döwletimizde ylmyň ygtybarly hukuk binýady döredildi.

Ýurduň ylym ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi bilen, «Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy», «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy», «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» boýunça işler alnyp baryldy.

Şonuň ýaly-da, «Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy ýaly köpugurly maksatnamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň aýratynlyklary nazara alnyp, ylmyň esasy maksatlary hem-de wezipeleri aýdyňlaşdyryldy, onuň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji kararyna laýyklykda, nanotehnologiýalar, himiki, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ýurduň durmuşynyň dürli ulgamlarynda ylmy barlaglary alyp barmagyň esasy 6 ugry hem-de anyk wezipeleri kesgitlendi.

Ylym ulgamy häzirki döwürde döwlet tarapyndan giň gerimde goldanylýar hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi kämilleşdirilýär. Döwlet býujetinden bu ugra köp mukdarda maliýe serişdesi bölünip berilýär. Ylmy edaralarda, kärhanalarda, guramalarda we ýokary okuw mekdeplerinde işgärleriň, şeýle hem beýleki edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işgärlerine alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin aýlyk zähmet hakyna goşmaça tölegler hem-de akademiki atlar üçin aýlyk haklary tölenilýär.

Aşgabat şäherinde öňdebaryjy dünýä tejribesi nazara alnyp, alymlaryň senagat-innowasion we maglumat-tehnologiýa häsiýetli, anyk ugurlarda netijeli ylmy-barlaglary alyp barmak üçin ähli amatly şertler bilen üpjün edilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem ylym ulgamyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda möhüm ädim boldy.

Ylmyň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika ugurlary boýunça innowasion ylmy-barlaglaryň esasynda bäsleşige ukyply, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary hem-de innowasiýalary işläp taýýarlamak, zehinli ýaşlary ylmy, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine çekmek, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we işewürligiň bitewüligini döretmek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Himiýa institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň durmuşa geçirýän utgaşykly işleri aýratyn bellärliklidir. Bu ylym-bilim edaralary häzirki zaman barlaghanalary bilen dürli himiki birleşmeleri, erginleri, gazlary, suwuklyklary, gaty maddalary, himiki elementleri, olaryň fiziki-himiki häsiýetlerini, düzümini awtomatik usulda anyklamaga, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar hem-de atom derejesinde derňemäge, düýpli ylmy işleriň alnyp barylmagyna, innowasiýa tehnologiýalarynyň işlenip düzülmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde dünýädäki ylmy-tehnologik innowasion merkezleri, tehnologiýalaryň transferi bilen meşgullanýan tehnoparklary birleşdirýän ylmy merkezleriň hem-de guramalaryň iň esasylarynyň biri bolan Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasyna (IASP) agzalyga kabul edildi. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň meselelerine gönükdirilen ylmy barlaglaryň esasynda täze işlenip taýýarlanýan öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige çalt ornaşdyrylmagyna, ylym we tehnologiýalar babatda täze usullardan hem-de innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş alymlaryň ýüze çykarylmagyna, ýurduň ylym we tehnologiýa babatda ösüşiniň innowasiýa häsiýetiniň üpjün edilmegine hem-de dünýä ýaýylmagyna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döredilip, internet ulgamyna ornaşdyryldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan himiki tehnologiýalary ugry boýunça ýurdumyzyň gidromineral çig mallaryndan seýrek ýaýran peýdaly elementleri we olaryň birleşmelerini bölüp almagyň ylmy esaslaryny hem-de tehnologiýasyny işläp düzmek boýunça barlaglar geçirilýär. Alymlaryň oýlap tapyşlarynyň we işläp düzen tehnologiýalarynyň köpüsi nebit-gaz, himiýa, energetika, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda hem önümçilige işjeň ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň çäklerinde agyz suwunyň himiki düzümi, toprak düzüminiň suwda ereýän maddalarynyň, duzlaryň, gumusyň hem-de howadaky zyýanly gazlaryň düzümleri öwrenilýär.

Şeýle hem, eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalaryň, kiçi we orta telekeçileriň buýurmalary esasynda dürli önümçilikler üçin tehnologik reglamentleri, eskiz görnüşdäki taslamalary, tehniki şertleri işläp düzmek, dürli edara-kärhanalar tarapyndan iberilýän himiki serişdeleriň, topraklaryň, suwlaryň hem-de beýlekileriň seljermelerini we fiziki-himiki häsiýetlerini anyklamak, hil barlaglaryny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynda ýurdumyzyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologik şertlerini üpjün etmek, şeýle hem ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek maksady bilen, tassyklanylan «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» Maksatnamasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň abadançylygyny, halkyň asudalygyny üpjün etmek, ekologiýa we seýsmik howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmak syýasatyndan ugur alnyp, «Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Seýsmologiýa ulgamynda geçirilýän barlaglar ýertitremeleriň tebigatyny kesgitlemäge, şol sanda olaryň alamatlarynyň ýüze çykmagynyň kanunalaýyklyklaryny anyklamaga, seýsmik tolkunlaryň ýaýramagyny hem-de ýertitremeleriň gurallaryna we ojaklarynyň parametrlerine baglylykda, geologiýa gurşawynyň aýratynlyklarynyň öwrenilmegine, işjeň çaklama zolaklarynda ýertitremeleriň ýüze çykmagy mümkin bolan ýerleriň kesgitlenilmegine, seýsmik işjeňligiň sebitler boýunça üýtgemeleriniň hem-de ýer gabygynyň üstki böleginiň toprak şertlerine laýyklykda, seýsmik yrgyldylaryň üýtgemelerini, uzak aralykda bolup geçýän seýsmik täsirleriň öçüşiniň sebit aýratynlyklarynyň kesgitlenilmegine, şeýle hem ýurtlaryň çäkleri üçin dürli derejeli seýsmik töwekgelçilige baha bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda häzirki wagtda biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly ylmyň möhüm ugurlary boýunça hem täzeçil, intellektual-tehnologik ylmy seljermeler dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, däneli, bakja we gök ekinleriň, miweli baglaryň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ir ýetişýän, ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmäge, mallary, guşlary ösdürip ýetişdirmäge, balykçylyk önümçiligini kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri ýerine ýetirmek, ösümlikleri hem-de mallary dürli kesellerden goramagyň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýeri we suwy tygşytly peýdalanmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, duza çydamly ekinleri ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özleşdirmek boýunça täze tehnologiýalary işläp düzmek babatda köpugurly ylmy barlaglar alnyp barylýar. Şeýle hem, Hazar deňziniň ekologiýasyny we biodürlüligini goramaga gönükdirilen köpugurly sebitleýin ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň we oňa welaýatlardan goşulýan akabalaryň zolagynyň ekologiýasyny, biodürlüligini yzygiderli öwrenmek we olaryň suwuny ulanmak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak hem-de önümçiliklere ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy işler ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen birlikde, derman ösümliklerini biotehnologiýanyň «in vitro» usuly boýunça ösdürmek hem-de olaryň immun ulgamyny ýokarlandyryjy häsiýetlerini öwrenmek, Hazar deňziniň ekologiýa monitoringini işläp düzmek, mallaryň we guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek arkaly ýokary önümli täze sortlaryny döretmek ýaly ugurlarda ylmy işler geçirilip, netijeler alyndy.

Ýurdumyzda kabul edilen Strategiýalaryň, Konsepsiýalaryň, Maksatnamalaryň çäklerinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we onuň akabalarynyň gidrohimiki düzümini öwrenmek, sebitiň ekologiýa ulgamyna ýetirýän täsirine baha bermek, oba hojalyk mallarynyň önümliligini ýokarlandyrmak we tohumçylaryny gowulandyrmak, mallaryň keselleriniň öňüni almagyň usullaryny işläp düzmek, Hazar deňziniň ekologiýasyny, biodürlüligini goramaga, hazarýaka sebitlerini toplumlaýyn öwrenmek üçin halkara guramalary we Hazarýaka döwletleriniň ylmy merkezleri bilen ylmy hyzmatdaşlygy alyp barmaga, howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen möhüm wezipeler boýunça häzirki wagtda ylmy-barlag işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy edaralary we pudaklaýyn ylmy edaralar tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde döwletimizde maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilişine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda milli ykdysadyýeti hem-de onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde öňdebaryjy halkara tejribelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin aragatnaşyk we metbugat, has ýokary tizlikli internet hyzmatlaryndan we sanly hyzmatlaryň dürli görnüşli amatlyklaryndan hem-de ýeňilliklerinden peýdalanmak babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäherinde gurlan dürli maksatly binalar toplumynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ýokary tizlikli 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji we kabul ediji ulgamlarynyň enjamlary, seýilgählerde we köpçülik ýerlerinde Wi-Fi zolaklary, GPON tehnologiýasy, sanly hyzmatlary uzakdan dolandyryş ulgamlary, häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütler ornaşdyryldy.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda halkara tejribeleri öwrenilip, Türkmenistanyň bir bitewi Maglumat merkezini (DATA center) döretmek, ikinji aragatnaşyk hemrasyny uçurmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem, birnäçe möhüm pudaklarda Ýere gözegçilik, uzakdan duýgur maglumatlaryň ulanylyşyny giňeltmek we ýerüsti üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ylmy seljermeler geçirilýär.

Ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatda kesgitlenen wezipeler häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary boýunça alymlaryň alyp barýan ylmy seljermelerinde öz beýanyny tapýar.

Türkmen alymlary galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, ýurduň derman senagatynyň ösmegine uly goşant goşýarlar, importyň möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, ýerli serişdeleriň esasynda täze serişdeleriň üstünde işleýärler.

Ýurtda täze özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylýan häzirki şertlerinde - innowasiýalaryň çalt ösýän we özgerýän «tehnologiýalar eýýamynda» innowasion ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa, milli ykdysadyýeti innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi, elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiliginiň ulanylyşa girizilmegi bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde maliýe ulgamy, sanly bilim, elektron söwda, bank hyzmatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda döwrebap işler durmuşa geçirildi.

Türkmenistanda elektron söwdanyň ösmegi alyjylara dessin hyzmat etmegi hem-de olaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, önümleriň elýeterliligini we söwda giňişligindäki täzeliklerden yzygiderli habarly bolmagy üpjün edýär. Uzak aralykdan tölegler we söwda ulgamynyň ykjam goşundylary çalt depginler bilen meşhurlyga eýe bolup, alyjynyň haryt satyn almak usullarynyň barha kämilleşmegine itergi berýär. Bu bolsa, ýurt boýunça harytlaryň sarp edilişini artdyryp, «satyjy-alyjy» gatnaşygyny has-da döwrebaplaşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet bähbitli tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurtda ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek, şol sanda milli medeni mirasymyzy, gahrymançylykly taryhymyzy, ene dilimizi, baý edebiýatymyzy, sungatymyzy ylmy esasda toplumlaýyn öwrenmek, kitaphanaçylyk işini kämilleşdirmek babatda köpugurly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan taryh we arheologiýa, esasan-da, ählumumy taryh, arheologiýa, etnografiýa, antropologiýa ugurlary boýunça seljermeler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamanyň» we «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar taryhy we medeniýeti, dürli taryhy eýýamda ýurduň çägi boýunça gazanylan syýasy-ykdysady we medeni özgerişler, gadymy döwürden giçki orta asyrlara çenli türkmen topragynda dörän medeniýetler (Paryzdepe, Şährihaýbar, Daşlydepe we beýleki taryhy ýadygärlikler) hem-de türkmen halkynyň etnografiýa mirasynyň möhüm meseleleri babatda meýilnamalaýyn işler ýerine ýetirildi.

Türkmen diliniň, edebiýatynyň we milli golýazma mirasynyň, halk döredijiliginiň derwaýys meselelerini «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, meýilnamalaýyn esasda öwrenmek dowam etdirilýär.

Hususan hem, türkmen dili we edebiýaty öwreniş ylmy, dürli ugurly sözlükleri düzmek, türki dilli halklaryň edebi gatnaşyklarynyň nazary we amaly meselelerini, Etrek-Gürgen, Ahal-Sarahs, Mary-Hyrat, Lebap-Balh, Köneürgenç-Horezm mekdepleri esasynda nusgawy akyldarlarymyzyň eserlerini we türkmen edebiýatynyň gadymy taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, halk döredijiliginiň nazary we amaly meselelerini öwrenmek hem-de oňa degişli maglumatlary toplamak, müňýyllyklaryň dowamynda ynsan aň-paýhasynyň ajaýyp miweleri bolan golýazma nusgalaryny toplamak hem-de täze tehnologiýalary ulanmak arkaly dikeltmek, timarlamak we abat saklamak boýunça işleri guramak hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy-medeni we ruhy mirasyny wagyz-nesihat etmek ýaly ugurlar boýunça ylmy seljermeler alnyp barylýar.

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşinde, halkyň aň-bilim derejesiniň ýokarlanmagynda, ylmyň, tehnikanyň hem-de önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmeginde kitaphanalaryň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy Diýarymyzda kitaphanaşynaslyk, kitapşynaslyk we bibliografiýaşynaslyk pudaklary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar hem-de ýeke-täk ylmy-bibliografik merkez bolmak bilen, kitaphanalara ylmy-usulyýet kömeklerini berýär. Ylmyň derwaýys meselelerine degişli retrospektiw, şahsy we tematik bibliografik görkezijileri düzmek we neşir etmek, kitap hazynasyny sanlylaşdyrmak, bitewi elektron kitaphana goşulmak, okyjylara talabalaýyk hyzmat etmek maksady bilen, Merkezi ylmy kitaphanany innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek, kitap gaznasynyň düzümini ylmy edebiýatlar bilen baýlaşdyrmak, ýurduň alymlarynyň, okyjylar köpçüliginiň ylmy neşirlere bolan islegini kanagatlandyrmak, halkara kitap alyş-çalyş çeşmesini baýlaşdyrmak hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn ösüşini wagyz etmek babatda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini ösen bazar şertlerine uýgunlaşdyrmaga, şol sanda hojalyk hasaplaşygyndaky edara öwürmäge, zähmet, maliýe, maddy serişdeleri has netijeli peýdalanmaga, işewürler we maýadarlar bilen gatnaşyklary saklamaga, ylmy, taslama, inžener-tehnologik işleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berýän hojalyk hasaplaşygyndaky işler ýerine ýetirilýär hem-de önümçiligiň zerurlyklaryna gönükdirilýär. Döwlet edaralary, şeýle hem telekeçiler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk saklanylýar. Hojalyk hasaplaşygy esasynda ylmy-barlag we tehnologik işler ýerine ýetirilip, alnan netijeler önümçiliklere ornaşdyrylýar.

Ýurtda alymlaryň ylmy-intellektual işleriniň netijeleriniň goraglylygyny hem-de ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ylmy gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan oýlap tapyşlara, işlenip düzülen programma üpjünçiliklerine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişlilikde patentler, şahadatnamalar resmileşdirilýär.

III bap. Strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň uzak möhletleýin toplumlaýyn ösdürilmeginiň üpjün edilmegi Strategiýanyň esasy maksady bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýurtda täze, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, ylmyň gazananlarynyň milli ykdysadyýete ornaşdyrylmagynyň, «akylly» tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň mümkinçilikleriniň özara baglanyşygynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, ylmyň infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň, ekologiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň, ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamagyň, jemgyýetiň intellektual kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynyň we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň baş ugurlarynyň kesgitlenilmegini hem-de onuň dünýäniň innowasiýa giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilmegini gazanmakdyr.

Strategiýanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) ylym ulgamynyň hukuk binýadyny, durnukly ösüşe esaslanýan ylmy dolandyrmagy yzygiderli kämilleşdirmekden;

2) ylmy maliýeleşdirmegiň dürli ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan;

3) innowasiýa işini düzgünleşdirýän ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasyny döretmekden;

4) ylmyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we has-da kämilleşdirmek hem-de ýurduň ylmy kuwwatyny ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda kesgitlenen strategik ugurlara (toprak, energetika, adam saglygyny gorap saklamak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy hadysalary öňünden anyklamak, azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, logistika, suwy tygşytlamak ýaly bütin dünýäde gaýragoýulmasyz hasaplanylýan ugurlar boýunça) gönükdirilmegini üpjün etmekden;

5) milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we importyň ornuny tutmaga gönükdirilen ylmy-barlaglary geçirmekden, innowasion tehnologiýalary işläp düzmek hem-de degişli önümçilikleriň ýola goýulmagyna ýardam bermekden;

6) ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny döwrebap özgertmekden hem-de olar boýunça toplumlaýyn ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagyny üpjün etmekden;

7) tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikleri ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň mümkinçilikleriniň özara baglanyşygyny üpjün etmäge gönükdirmekden;

8) ylmy innowasiýa işlerine döwlet tarapyndan döredilýän goldawyň ugurlaryny kämilleşdirmekden;

9) täze görnüşli önümleri we innowasiýa tehnologiýalaryny döretmegiň ideýadan ahyrky ulanyja çenli toplumlaýyn ulgamyny emele getirmekden;

10) bilimiň ähli basgançaklarynda döredijilik, ylmyň gazananlaryny, innowasiýa telekeçiligi hem-de tehniki, ykdysady we beýleki täzelikleri ornaşdyrmak endiklerini kemala getirmek hem-de ösdürmek arkaly innowasiýa işierini dolandyrmakda adamyň aň-bilim maýasyny mundan beýläk-de ösdürmekden;

11) täze işläp taýýarlamalaryň, taslamalaryň, önüm nusgalarynyň maglumat binýadyny döretmek bilen, ylmyň gazananlarynyň täjirleşdirilmegini işjeňleşdirmekden;

12) ykdysady we durmuş taýdan höweslendirmek bilen, ýaşlary ylmy işe çekmekden, ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamakdan;

13) ylymda öňdebaryjy döwletler bilen halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekden;

14) durmuş-ynsanperwer ylymlaryny toplumlaýyn ösdürmek, milli mirasymyzyň, taryhy aýratynlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyny gazanmakdan;

15) ylym ulgamyna degişli žurnallaryň halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmakdan;

16) dünýä ylmynda hem-de ylymlaryň çatrygynda döreýän täze ylmy ugurlary öwrenmekden hem-de ylmy dolanyşyga girizmekden;

17) innowasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň subýektleriniň (innowasion tehnoparklar, tehnologiýalaryň transfer merkezleri, ýokary tizlikli aragatnaşyk ýollary bilen birleşdirilen kompýuterleriň, serwerleriň ýa-da prosessorlaryň topary bolan innowasiýa klasterler, töwekgelçilikli - wençur maýa goýum guramalary, innowasiýa merkezler, täjirçilik ýa-da telekeçilik başlangyçlaryna esaslanýan taslamalary - startaplar, inkubatorlar) toruny döretmekden;

18) milli ykdysadyýetiň ösüşinde maýa goýum taslamalaryny çaklamakda strategik «Forsaýt» (uzakdan görmek ýa-da kesgitlemek) usulyny döretmekden, forsaýt-barlaglarynyň nazaryýetiniň we usulyýetiniň ösdürilmegini gazanmakdan.

IV bap. Strategiýany amala aşyrmagyň ileri tutulýan ugurlary

Strategiýany amala aşyrmagyň esasynda ýurduň ylym ulgamynyň hukuk hem-de maddy-enjamlaýyn binýatlaryny pugtalandyrmak, ylmyň milli ykdysadyýetdäki ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de geljegi nazarlaýan ileri tutulýan ugurlaryndan strategik ugurlar boýunça düýpli ylmyň binýadyny tutmagy, ylmy mekdepleriň döredilmegini we bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, ýaşlary ylma çekmek üçin ähli şertleri döretmegi hem-de ylmy ojaklarda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, zerurlygyna görä özgertmek arkaly alnyp barlar. Ylmy-barlag edaralaryny gurmak, ylmy işgärleriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ylmy barlaglaryň netijelerini, işlenip düzülen täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryp, köpçülikleýin önüm öndürmekde tejribe önümçilik, senagat synaglaryny geçirmegi ýola goýmak üçin, hojalyk hasaplaşygynda hereket edýän уlmy-barlag edaralarynyň ýanynda kiçi önümçilikler dörediler. Munuň özi şol bir wagtda belli bir möçberde önüm öndürip, girdeji almaga hem-de zerur ýagdaýda uly önümçilikleri gurmaga ýardam berer.

Strategiýa, esasan aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylar:

1) ylym ulgamynyň hukuk namalar binýady döwrüň talabyna laýyklykda özgerdiler;

2) ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdiriler;

3) ylym ulgamynyň üpjünçilik ulgamlary has-da ösdüriler;

4) ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny aýratynlykda ösdürmegiň konsepsiýalary we olar boýunça tapgyrlaýyn maksatnamalar işlenip taýýarlanylar;

5) öňdebaryjy halkara tejribesini hasaba almak bilen, innowasion klasterleriň hukuk binýady işlenip düzüler;

6) innowasiýa hem-de ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümleriň bazary giňeldiler, startaplaryň we kiçi innowasion edaralaryň hasabyna innowasion klasterler ýa-da uly edaralar dörediler, bar bolanlarynyň durky täzelener;

7) innowasiýalary öndürijiler bilen ulanyjylaryň hyzmatdaşlygyny, kiçi we orta telekeçileriň bilim, ylym bilen baglanyşygy jebisleşdiriler hem-de goldanylar;

8) senagat klasterlerini ösdürmek üçin, halkara bilermenleri giňden çekiler, halkara seminarlary we forumlary guralar;

9) ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmak işi üçin şertler has-da ösdüriler;

10) ylmy-innowasion ideýalaryň tejribe-önümçilik synagyny geçirip, ilkinji kiçi önümçiliklere ornaşdyrmak işi kämilleşdiriler;

11) geljegi uly bolan ylmy-innowasion taslamalar we startap-teklipler bazara çykarylar, tehnologiýalaryň transferiniň işi giňeldiler;

12) ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we önümçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ýygjamlaşdyrylar;

13) ylmy-innowasion we startap-teklipler taslamalary maliýeleşdirmegiň döwrebap usullary (işewürlik inkubatory, wençur guramalary we beýlekiler) dörediler;

14) ylym bilen meşgullanýan edaralar ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün ediler;

15) hojalyk hasaplaşygynda işleýän ylmy-barlag edaralarynyň düzüminde innowasiýa önümlerini öndürýän kiçi önümçilikler ýola goýlar;

16) pudaklary ylmy esasda ösdürmek maksady bilen, her ýylda býujetiň taslamasy taýýarlanylanda pudagy ylmy esasda ösdürmek üçin maliýe serişdesiniň göz öňünde tutulmagy gazanylar;

17) Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreler üçin döwlet grantlarynyň goýberilmegi ýola goýlar;

18) oba hojalyk ekinleriniň hem-de mallarynyň dürli görnüşleriniň tohumçylyk seçgi işleri geçiriler, olaryň ýerli şertlere uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän täze sortlary we tohumlary dörediler;

19) ýertitremeleriň emele gelmeginiň tebigaty, şeýle hem dürli şertlerde olaryň alamatlarynyň ýüze çykmagy öwreniler hem-de ýüze çykýan seýsmik hadysalaryň sebäplerini kesgitleýän gurallaryň kämilleşdirilen nusgasy işlenip taýýarlanylar;

20) seýsmik mikroetraplaşdyrmagyň kartalary esasynda şäher çäkleriniň baş meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar;

21) ilatyň we çäkleriň seýsmik howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, geomaglumat tehnologiýalary esasynda seýsmik täsirleriň hem-de töwekgelçiligiň howpuna baha bermegiň dürli görnüşli usulyýetleri işläp taýýarlanylar we iş tejribesine ornaşdyrylar;

22) seýsmik howply zolaklarda bolup biljek ýertitremeler bilen baglanyşykly durmuş, ykdysady we ekologik ýitgileri azaltmak boýunça degişli işler geçiriler;

23) ylmyň takyk we tebigy ugurlary bilen bir hatarda ynsanperwer, tehniki, lukmançylyk, psihologiýa, sosiologiýa ylymlary, syýasy, harby-nazary, ýer we daşky gurşaw baradaky, şeýle-de kognitiw ugurlar boýunça ylmy-barlaglar alnyp barlar;

24) döwletiň ylmy maksatnamalarynda eýeçiligiň döwlete dahylsyz böleginiň innowasion işjeňligi ýokarlandyrylar, bäsleşikler esasynda ylmy-barlag taslamalaryny maliýeleşdirmegiň täze işjeň usuly ornaşdyrylar;

25) ylmy-barlag işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olary täjirleşdirmegiň netijeliligi üpjün ediler;

26) döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ylmy-barlag we innowasion taslamalary maliýeleşdirmegiň usullary kämilleşdiriler we göwrümi artdyrlar;

27) innowasion ekoulgamy ösdürmek üçin halkara maliýe edaralarynyň we gaznalarynyň serişdeleri çekiler;

28) dolandyryş we ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ylmy edaralary kämilleşdirmek ulgamynyň täze nusgasy işlenip düzüler;

29) mümkinçilikleri bir ýere jemlemek, täze iş orunlaryny we önümleri döretmek, şeýle hem emeli aň, zatlaryň interneti ýaly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen täze hyzmatlar guralar;

30) ylmy-innowasion edaralaryň binýadynda telekeçiligi we işewürligi dolandyrmakda zerur endikleri ösdürmek üçin kiçi hem-de innowasion telekeçiligini goldamak boýunça ýöriteleşdirilen düzümler dörediler;

31) innowasion tehnologiýalara esaslanýan haryt öndürijilere we işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirijilere ýeňillikleri döretmek, ýerli ylmy-barlag edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag we innowasion işleri amala aşyrýan fiziki hem-de ýuridik şahslara döwlet gaznalaryndan serişdeler bölünip berler;

32) eýeçiligiň döwlete dahylsyz böleginiň ylmy-barlaglara we işläp taýýarlamalara gyzyklanmasy ýokarlandyrylar, şeýle hem ylmy edaralar bilen gatnaşygy berkidiler, ylmy-barlaglary we işläp taýýarlamalary maliýeleşdirýän hususy telekeçiler goldanar hem-de höweslendiriler;

33) intellektual eýeçiligi goramagyň möhümdigi barada ylmyň wekilleriniň, telekeçileriň, şeýle hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri guralar;

34) esasy görkezijileri kesgitlemek bilen, innowasion ösüş boýunça her ýylda ýeňijiler yglan ediler we höweslendiriler;

35) ylmyň gazananlarynyň esasynda innowasion edaralar dörediler, täze önümleriň önümçiligi ýola goýlar, täze iş orunlary we ýerleri dörediler, gündelik durmuşda ýol-ulag, jemagat, saglyk we beýleki ulgamlara «akylly» tehnologiýalar ýaly innowasiýalary ornaşdyrmaga telekeçileri çekmek işleri amala aşyrylar;

36) «Sanly hökümet», «Akylly lukmançylyk», «Akylly ulag», «Akylly bilim», «Akylly oba hojalyk», «Akylly energiýa ulgamy» ýaly ýokary maglumat tehnologiýalaryna esaslanýan çözgütleri ornaşdyrmak işlerine hususyýetçileri çekmek göz öňünde tutular;

37) galyndylary gaýtadan işlemek bilen, senagatyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany azaldylar, oba hojalygyna hem-de senagata suw tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar, ylmy we startap işläp taýýarlamalary täjirleşdirmek giňeldiler;

38) biotehnologiýanyň, nanotehnologiýanyň işläp düzmeleri ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylar;

39) önümçilikleriň tehniki-tehnologik binýadyny yzygiderli täzelemegi üpjün etmek üçin innowasion we maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň usullary giňden ornaşdyrylar;

40) innowasion ideýalaryň sanly portaly dörediler;

41) milli ylym ulgamynda yzygiderli döwrebap özgertmeler geçiriler;

42) Türkmenistanyň ylmy, innowasion hem-de tehnologiýa taýdan gazananlarynyň sanly portalyny döretmek bilen, olar monitoring ediler we dünýä ýaýlar;

43) innowasiýalary dolandyrmagyň döwlet standartlary giriziler;

44) intellektual eýeçiligi bahalandyrmagyň ýönekeý usuly giriziler, intellektual eýeçiligiň eýeleri höweslendiriler, bu ugra sanly tehnologiýalar tapgyrlaýyn ornaşdyrylar;

45) startap-teklipler hem-de taslamalar esasynda tehnoparklar bilen olara degişli düzümleriň bilelikdäki önümçilikleriniň ýola goýulmagy goldanar;

46) ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlaglaryň netijeleriniň esasynda telekeçilik işi dörediler;

47) önümleriň we hyzmatlaryň, şol sanda sanly programma önümleriniň milli haryt nyşany bilen dünýä bazaryna çykmagy gazanylar;

48) ýaşlaryň ylmy we innowasiýa işjeňligi goldanar;

49) ylmy innowasiýa işlerine talyplaryň gatnaşygy işjeňleşdirler;

50) ýaşlaryň, aspirantlaryň we doktorantlaryň bäsleşik esasynda ylmy we innowasiýa işi boýunça işjeňleşmeklerini guramagyň hem-de olary höweslendirmegiň usuly dörediler;

51) ylmy edaralarda, innowasiýa merkezlerinde, tehnoparklarda, ýokary okuw mekdeplerinde, işewürlik-inkubatorlarda startap-taslamalaryň amala aşyrylmagy işjeňleşdiriler;

52) innowasion-tehnologik işi dolandyrmak boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň yzygiderli ylmy-amaly hünär kämilleşdirişleri guralar;

53) ýokary okuw mekdepleriniň ylmy edaralar we önümçilik bilen baglanyşygy pugtalandyrylar, daşary ýurtlaryň bilim, ylym maksatnamalary bilen aýakdaş gitmekleri gazanylar;

54) ykdysadyýetiň pudaklarynyň isleglerini kesgitlemäge we ony kanagatlandyrmagyň döwrebap ýollaryny hödürlemäge ukyply hünärmenler taýýarlanylar;

55) Türkmenistandaky innowasion edara-kärhanalaryň, alymlaryň ylmy-intellektual işleriniň netijeleriniň daşary ýurt döwletlerinde, halkara derejesinde goraglylygyny we ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ulgamlaýyn işler dowam etdiriler;

56) milli önümlere, hyzmatlara, oýlap tapyşlara, senagat nusgalaryna dünýä bazarlaryndaky islegler yzygiderli öwreniler hem-de degişli döwlet strategiýasy işlenip taýýarlanylar;

57) sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, kiberhowpsuzlyk ugurlaryndan ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy, hyzmatlaryň döredilmegi, ilatyň sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleriniň guralmagy gazanylar.

V bap. Türkmenistanda sanly we akylly senagaty ösdürmekde amala aşyrylmaly ylmy barlaglaryň geljekki ugurlary

Türkmenistanda amala aşyrylýan uly göwrümli innowasion häsiýetli işlerde döwletiň paýyny artdyrmak, innowasion senagaty ösdürmek, şol sanda ýerli çig mallary ulanmak bilen ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan amatly önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň sanyny artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bütin dünýäde örän çalt depginde ösýän sanly ykdysadyýetiň kemala gelýän döwründe maglumat ulgamlarynyň taslamalaryny we programma üpjünçiliklerini derňemek, maglumatlaryň elektron goly ulanmagy öz içine alýan tehniki hem-de kriptografiki goragyny üpjün etmek, telekommunikasiýa tory arkaly ulanyjylary hasaplaýyş serişdeleri we programmalar bilen üpjün etmegiň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly enjamlary işläp düzmek, durmuşa geçirmek, bu ugurda ylmy barlaglary alyp barmak boýunça amala aşyrylýan işler döwrüň talaby hökmünde öňe sürler.

Şoňa görä-de, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, beýleki täze hem-de ýokary tehnologiýalary döretmek, ornaşdyrmak we eksport etmek, täze hem-de ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşi üçin işgärleri taýýarlamak, maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda ylmy barlaglary alyp barmak, bu ugurda bilimleri ýokarlandyrmak, innowasiýa işjeňligini höweslendirmek, şol sanda wençur maliýeleşdiriş ulgamyny, startap-hereketlerini ösdürmek işleri amala aşyrylar.

Sanly ekizler, blokçeýn tehnologiýasy, zatlaryň interneti, bulutlaýyn hasaplama, uly göwrümli maglumatlar gorunyň derňewi, kiberfiziki ulgamlar we gyraçäk hasaplamalar ýaly çalt ösýän maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly akylly senagaty döretmek has-da çaltlandyrylar.

Energetika ulgamyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir. Häzirki döwürde kuwwatly energetika pudagy giň gerim bilen ösdürilýär hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasaty yzygiderli we ynamly amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurduň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly belent maksatly işler göz öňünde tutulyp, geljekki döwürde Türkmenistanyň energetika senagatynda ýokary ösüş depginleri gazanylar, içerki sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, onuň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylar.

Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hemra aragatnaşyk ulgamy soňky onýyllyklarda dörän ylmyň we tehnikanyň täze ugurlarynyň biridir. Ol raketa tehnikasynyň, kosmos tilsimatlarynyň, informatikanyň hem-de sanly argatnaşyk tehnikasynyň ulanylyş çäkleriniň iň soňky gazananlaryna esaslanýar.

Aragatnaşygy global hem-de sebitleýin durmuşa geçirmek, esasan optiki-süýümli we hemra aragatnaşygynyň ulanylmagy netijesinde mümkin boldy. Optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriň döredilmegine garamazdan, hemra aragatnaşyk ulgamy ýerüsti ilkinji aragatnaşyk torlarynda möhüm orna eýedir.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de Türkmenistanda kosmos işini ýola goýmak we ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirliginde hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, «TürkmenÄlem 52 E» ilkinji milli emeli hemramyz ägirt uly çäkleri öz tolkunlary bilen örtmek arkaly ýurtda innowasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin möhüm şertleri üpjün edýär. Hemra aragatnaşygynyň häzirki zaman düzümi we täze tehnologiýalar Türkmenistanda kosmos bilen baglanyşykly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge, türkmen döwletiniň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Soňky ýyllarda nanotehnologiýa has köp pudaklarda ulanylýar we bütin dünýäde oňa bolan üns has-da artýar. Nanometr ululygyndaky materiallaryň özünde jemleýän ýokary fiziki häsiýetlerini ulanmak arkaly dürli pudaklarda (aragatnaşyk, elektronika, biotehnologiýa, dermançylyk, lukmançylyk, harby, dokma, maşyn we gurluşyk senagatlary we ş. m.) tehnologik öwrülişik hökmünde täze önümler öndürilýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, okamagyň hem-de dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de «nou-haularyň» importyna däl-de, eýsem özüniň ylmy-tehnologik we aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat edinýär.

Oba hojalygynyň, lukmançylygyň, derman we azyk senagatlarynyň meselelerini düýpli öwrenmek, ylmyň molekulýar biologiýa, genetika, gen inženeriýasy, bioinženeriýa, biolukmançylyk, nanolukmançylyk, dermançylyk, bioinformatika ugurlaryny, umuman, biotehnologiýany ösdürmek döwletiň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşi üçin iň wajyp ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda biotehnologiýanyň döwrebap usullary bilen oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň seçgi işlerini geçirmek, täze görnüşlerini döretmek, dürli azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşi sazlaşykly hereket edýän innowasion düzümi emele getirip, şonuň esasynda hem täze önümleri, nanomateriallary döretmegi maksat edinýär.

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Tutuş ykdysadyýet toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdy innowasion ýol bilen ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.

Ýurdumyzyň işjeň esasda senagatlaşdyrylmagy bilen, önümçilik kärhanalary tarapyndan diwarlyk panelleri, armirlenen bloklar, keramzit, gurnama demirbeton önümleri, bişen kerpiç, diwarlyk beton daşlary, örtük plitalary, «akylly» kompazit materiallary öndürilýär. Türkmenistanda bar bolan çig mal serişdeleriniň dürli görnüşlerini toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemäge gönükdirilen täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi geljekde ykdysady ösüş üçin pugta binýadyň emele gelmegini, ýurduň sarp ediş bazarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, ykdysadyýet toplumynyň degişli pudaklaryny senagatlaşdyrmagyň esasynda eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny şertlendirer.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty halkara ekologiýa hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alýan, ösen milli kanunçylyk binýada esaslanýar. Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy halkara hyzmatdaşlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, Türkmenistan durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hukuk kadalarynyň umumy maksady Ýer ýüzüniň häzirki we geljekki döwürler üçin abadançylygyny üpjün etmekden, adamyň saglygyny we daşky tebigy gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak boýunça netijeli we ygtybarly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda sanly we akylly senagaty 2052-nji ýyla çenli ösdürmekde amala aşyrylmaly ylmy barlaglaryň esasy ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar:

1) sanly we akylly senagatyň esasy ugurlaryny we tehnologiýalaryny kesgitlemek. Sanly we akylly senagatyň esasy ugurlaryny we tehnologiýalaryny kesgitlemekde öňde goýlan netijelere ýetmek üçin şu işler amala aşyrylar:

a) gurallara we önümçilik serişdelerine intellektual enjamlar ornaşdyrylar;

b) robotlaşdyrylan tehnologiýalar ulanylar;

ç) uly göwrümli maglumatlarda hasaplamalar geçiriler we maglumatlar saklanar;

d) önümçilik we dolandyryş hadysalary bir maglumat ulgamynda awtomatlaşdyrylar hem-de jemlener;

e) seljermäni geçirmek üçin ýygnalýan ähli maglumatlar ulanylar;

f) çap edýän tehnologiýalary (additiw tehnologiýalar, 3D we 4D çap etmek) ulanylar;

g) çig maly önüm öndürijilere we taýyn önümleri alyjylara ýetirmek hyzmatlary awtomatlaşdyrylar;

h) önümçilik we durmuş hadysalaryny dolandyrmak, gözegçilik etmek üçin ykjam tehnologiýalar ulanylar;

i) uly, şol sanda bulut tehnologiýalarynyň (Big Data) esasyndaky maglumatlar täzeden işlener;

j) intellektual maglumat ulgamlary ulanylar;

k) kwant we optiki tehnologiýalar ornaşdyrylar;

l) mehatron ulgamlary we robot tehniki toplumlary ösdüriler;

m) torlaryň gurluşy boýunça standartlaryň we çözgütleriň toplumy işlenip düzüler;

n) toplumlaýyn ulgamlary dolandyrmagyň algoritmleri we gurallary ulanylar;

о) dünýä tor serişdeleri bilen jemlenen, giň zolakly internet toruna elýeterlilik giňeldiler;

ö) maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky täsirlerden goranmagyň birleşdirilen ulgamlary, şeýle-de identifikasiýanyň usullary ulanylar;

2) sanly we akylly senagaty ösdürmekde ylmy barlaglar amala aşyrylar. Sanly we akylly senagaty ösdürmekde amala aşyrylmaly ylmy barlaglar erkin ykdysady zolaklary döretmegiň hasabyna (halkara gatnaşyklaryny giňeltmek arkaly) şu aşakdaky ugurlar boýunça ösdüriler:

a) dolandyrmagyň intellektual ulgamlarynyň kömegi bilen çeýe ulanylýan robot tehnikasynyň toplumlary, mehatron (şol sanda mikro we nano ölçegli) ulgamlary hem-de tehnologiýalary işlenip taýýarlanylar;

b) biokybapdaş we antropomorf robot tehnikasynyň enjamlaryny hem-de ulgamlaryny, özi öwrenýän robotlaryň, olaryň emeli nerw ulgamynyň (emeli aň), robotlaryň toparlarynyň dolandyrma ulgamy ulanylar;

ç) robot-tehniki gurallary uzak aralykdan dolandyrmak üçin hereketleri tanaýan markersiz tehnologiýalar işlenip taýýarlanylar;

d) mikromehaniki, optoelektron, çylşyrymly blokly magnit duýujylykly geterogen integral ülňüler ulanylar;

e) kwant maglumat tehnologiýasy üçin algoritmleri, programma üpjünçilikleri we matematiki modeller işlenip taýýarlanylar;

f) ykdysadyýetde emeli aňly ulgamlar ornaşdyrlar;

g) şäher üpjünçilik ulgamynyň awtonom gözegçilik we tehniki hyzmaty üçin uçýan robotlar ulanylar;

h) heläkçilik bolan ýerleri barlamak üçin täze ekologik duýujylykly ykjam robotlar ulanylar;

i) çylşyrymly operasiýalar üçin hirurgik robotlar ulanylar;

j) mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin robot kömekçileri ulanylar;

k) adamlar bilen özara kömekleri amala aşyrmak üçin «adam - robotlary» bilelikde işleýän ulgamlar dörediler;

l) senagat, durmuş, jaý we oba hojalyk ulgamlarynda robotlar ulanylar;

3) energetika ulgamy şu aşakdaky ugurlar boýunça ylmy esasda ösdüriler:

a) gaýtadan dikeldilýän energiýanyň tehnologiýalary dörediler;

b) ýel energiýasynyň enjamlary, gün fotoelektrik beketleri, gün ýylylyk elektrik stansiýalary, bioenergetika, bioýangyçlaryň ikinji we üçünji nesilleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň gibrid ulgamlary ulanylar;

ç) «Elektrik üpjünçiliginiň akylly torlary» ösdüriler, şeýle hem energiýa önümçiligi we energiýany ulanmak baradaky maglumatlary ýygnamak üçin ulanylýan maglumat tehnologiýalarynyň esasynda elektrik üpjünçiliginiň döwrebaplaşdyrylan tory ulanylar;

d) wodorodyň energetikasyny we ýangyç elementlerini ulanmak arkaly energiýany saklamagyň tehnologiýalary, elektrik batareýleriň önümçiligi üçin täze materiallar ulanylar;

e) elektrik energiýasyny uzak aralyklara az ýitgi bilen geçirmäge mümkinçilik berýän täze elektrik geçiriji we üzňeleşdiriji materiallar ulanylar;

f) elektrik göwrümli innowasion önümleriň klasterini döretmek, ýaşaýyş jaý gurluşygynda otaglaryň elektrik bilen ýyladyş ulgamyna geçiler we ýygnaýjy enjamlar giriziler;

g) gaýtadan dikeldilýän energetikanyň (şol sanda bioenergetikanyň, ýel energetikasynyň, gün energiýasynyň) tehnologiýalarynyň ulanylmagy giňeldiler;

h) işjeň - adaptiw intellektual elektrotorlaryň ösmegini öz içine alýan smart-energetika tehnologiýalary giriziler;

i) ýylyň dowamynda ýokary elektrik energiýasyny, ýylylygy, sowuklygy almagyň netijeliligini artdyrmagy göz öňünde tutýan ýokary tehnikalar we tehnologiýalar ulanylar;

4) kosmos ulgamy ylmy esasda şu aşakdaky ugurlar boýunça ösdüriler:

a) açyk modul düzümli kosmos enjamlarynyň, dürli ölçegli umumylaşdyrylan älem platformalarynyň täze görnüşlerini döretmek boýunça degişli işler alnyp barlar;

b) kosmos enjamlary üçin dürli ähmiýetli maksatlaýyn enjamlar, radioelektron enjamlary, elektrik iýmitlendirijileriň ulgamy dörediler;

ç) optiki we radar görnüşli emeli hemralaryň üsti bilen Ýeri uzak aralykdan zondirlemek, geofiziki işjeňliginiň yzygiderli gözegçiligi we barlagy üpjün ediler;

5) nanosenagatlaşdyrma ylmy esasda şu aşakdaky ugurlar boýunça ösdüriler:

a) pudaklaýyn ugurlarda nanoelektronika, ölçeýji enjamlaryň gurluşygy, nanomateriallaryň himiýasy, farmasewtika, biotehnologiýa goşundylary giňden ulanylar;

b) mikro we nano modelirlemegiň tehnologiýalaryny hem-de enjamlary (şol sanda awtomat ulgamlarynyň esaslarynda molekulýar önümçilik) ulanylar;

ç) nanoelektronika we nanofotonika ugurlarynda, şol sanda grafenleri ulanmak arkaly enjamlar (ýarymgeçiriji tranzistorlar we fotodetektorlar, gün elementleri, dürli sensorlar) işlenip taýýarlanylar;

d) nanohimiýa we kataliz, şol sanda ýanmagy dolandyrmak, örtükleri sepmek, elektrohimiýa hem-de farmasewtika ugurlary ösdüriler;

e) aýrylaşdyrmak we arassalama hadysasynda ulanylýan täze materiallary (membrana, hromotograf we beýlekiler), bioönümler aýrylaşdyrylar hem-de bölünip alnar we arassalanar, şeýle-de biotehnologik önümçilikde ulanmak üçin enjamlar işlenip taýýarlanylar;

f) adatdan daşary ýagdaýlar üçin ýörite akylly eşikler dörediler;

g) dermanlary hem-de proteinleri maksatlaýyn gerek ýerlerine ýetirmek, biologik dokumalary, biopolimerleri we ýarany bitirmek, emeli muskullary, süňkleri döretmek işleri alnyp barlar, janly başga beden agzalar oturdylar;

h) ýokary agramda hem-de gyzgynlykda, metadurnukly ulgamly öz-özüňi berkitmek düzgüninde işleýän, aýratyn häsiýetli (ýeňil, berk, dargama durnukly we başgalar) we örtükli nanodüzümleşdirilen konstruksiýa gurluşyk materiallary dörediler;

i) işçi gyzgynlygyň giňeldilen aralygy we olaryň esasynda ýokarlandyrylan serişdeleriň oksidleriniň, metallaryň külkeleriniň nanoölçeg bölejikleriniň esasynda modifisirlenen kolloid - durnukly suwuklyklar hem-de ýokary göterijilige ukyply plastik çalgy materiallary dörediler;

j) gaýtadan işlemesi kyn materiallaryň we örtükleriň ýokary tizlikli gaýtadan işlenilmegi üçin nanogurluşly materiallar dörediler;

k) öwrenilýän obýektiň düzümini, häsiýetnamasyny kesgitlemäge, şeýle-de onuň ýagdaýyny, hereketlerini öwrenmäge mümkinçilik berýän «çip barlaghanasy» dörediler;

6) biosenagatlaşdyrma ylmy esasynda şu aşakdaky ugurlar boýunça ösdüriler:

a) biotehnologiýa pudagynyň häzirki döwür ulgamlaýyn we sintetik biologiýa, genetika, mikrobiologiýa öýjük tehnologiýalary, inžener enzimologiýalary, postgenom bioinformatika ugurlarynyň esasynda biotehnologiýa pudagy ösdüriler;

b) biotehnologiýanyň çig mal gorlaryny, önümçilik we oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemek diwersifikasiýalaşdyrylar;

ç) saglygy goraýyş, oba hojalygy, senagat, daşky gurşawy goramak ulgamlary üçin innowasiýa biotehnologiýalary, mikrob sintezleriniň önümleri işlenip taýýarlanylar;

d) biotehnologiýa önümçiligi dörediler we ösdüriler;

7) additiw tehnologiýalary ulgamy ylmy esasda şu aşakdaky ugurlar boýunça ösdüriler:

a) maşyngurluşyk we awtomobil senagaty ösdüriler;

b) radiotehniki we elektron senagaty kämilleşdiriler;

ç) aerokosmos tehnikalary ulanylar;

d) ylym-bilim, lukmançylyk (şol sanda stomatologiýa we protezleme), gurluşyk we arhitektura ulgamlarynda additiw tehnologiýalary ösdüriler;

8) köp bölekli - kompozit we «akylly» materiallaryň önümçiligi ylmy esasda şu aşakdaky ugurlar boýunça ösdüriler:

a) kompozit materiallarynyň önümçiligi giňeldiler;

b) bir materialda dürli tebigatly komponentleriň görnüşlerini, ölçeglerini utgaşdyrmagyň esasynda täze tehniki häsiýetli kompozit materiallar dörediler we olaryň saklanylmagy sazlanar;

ç) dürli maksatly dokma polimer süýümleri kompoziti, nebithimiýasynyň we nebiti gaýtadan işlemegiň galyndylaryny ulanmagyň esasynda kompozit materiallary dörediler;

d) sellýulozanyň we hitozanyň esasynda dürli ugurlarda ulanylýan süýümler we olaryň kompozitleri işlenip taýýarlanylar;

e) daşky täsirleriň netijesinde üýtgeýän, dürli häsiýetli «akylly materiallary» işläp taýýarlamak hem-de olaryň esasynda «akylly örtükler» we önümler dörediler;

9) daşky gurşawy goramagyň we tebigatdan rejeli peýdalanmagyň ylmy esasda ösdürilmegini talap edýän esasy ugurlar:

a) ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň geljegi uly intellektual ekspert ulgamy we köpugurly geomaglumatlar ulgamy dörediler;

b) tebigy gurşawlaryň ekologiýa ýagdaýlaryna baha bermegiň hem-de oňa antropogen täsirleri kesgitlemegiň täze usullary işlenip taýýarlanylar;

ç) tebigy gurşawyň hapalanmagyny mukdar hem-de hil taýdan irki döwürde anyklamak üçin tiz we selektiw barlaýan biosensorlar işlenip taýýarlanylar;

d) suw üpjünçilik çeşmeleriniň hapalanma hadysalaryna baha bermegiň täze usullary işlenip taýýarlanylar;

e) tebigy baýlyklaryň ätiýaçlyklarynyň azalmagyna garşy göreş usullary has-da kämilleşdiriler;

ä) tebigy we tehnogen betbagtçylyklar sebäpli, ilatyň saglygyna we ýaşaýyş şertlerine, ekologiýa ulgamyna ýetýän zyýany azaltmagyň hem-de çölleşmä garşy göreşmegiň ylmy ulgamy kämilleşdiriler;

f) howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ekologiýa meselelerini köptaraplaýyn ylmy taýdan öwrenmek we olaryň täsirine uýgunlaşmak boýunça täze usullar işlenip taýýarlanar;

g) Türkmenistanyň dürli sebitlerinde (aýratynlykda) Gün işjeňliginiň howanyň üýtgemegine (esasan-da, howanyň ýylamagyna we tozanlylygyna, gurakçylyga), tebigy ekologiýa ulgamlaryna täsiri öwreniler;

h) tebigy we tehnogen betbagtçylyklarynyň netijesinde döreýän ekologik zyýanyň täsiri azaldylar;

i) howa gurşawynyň, ýer-toprak baýlyklarynyň hapalanma hadysalary täze usullar arkaly bahalandyrylar;

j) howanyň üýtgemeginiň ýurduň tebigatyna, ykdysadyýetine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsirini öwrenmek we olaryň oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler işlenip düzüler;

ž) howanyň üýtgemegi boýunça tassyklanan milli we halkara resminamalaryna laýyklykda, az galyndyly innowasion önümçilikleri ornaşdyrmak boýunça ylmy barlaglar geçiriler;

k) galyndylary gaýtadan işlemegiň innowasion usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy barlaglar dowam etdiriler;

l) aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmak ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ylmy barlaglar geçiriler we önümçilige ornaşdyrylar;

m) klimat töwekgelçilikleri, şol sanda gurakçylygy öňünden habar bermegiň innowasion ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça ylmy barlaglar geçiriler we zerur enjamlar we programma üpjünçilikleri ornaşdyrylar;

n) ösümlik we haýwanat dünýäsinde bolýan üýtgemeleri hasaba almagyň «Tebigy ýyl ýazgysyny» alyp barmagyň sanly ulgamy işlenip taýýarlanylar;

o) daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermegiň kadalary ylmy barlaglar esasynda yzygiderli kämilleşdiriler;

ö) ýurduň tebigy ekoulgamlarynyň ösümlik örtügini uzak aralykdan gözegçilik etmegiň (zondirlemegiň) ulgamy yzygiderli kämilleşdiriler.

Ýokarda beýan edilenler bilen bir hatarda şu aşakdaky ugurlar boýunça Türkmenistanda sanly we akylly senagaty ösdürmekde amala aşyrylmaly ylmy barlaglaryň goşmaça ugurlary hökmünde kesgitlemek bolar:

1) dolandyrmagyň intellektual ulgamlarynyň kömegi bilen çeýe ulanylýan robot tehnikasynyň toplumlary, mehatron (şol sanda mikro we nano ölçegli) ulgamlary we tehnologiýalary işlenip taýýarlanylar;

2) biokybapdaş we antropomorf robot tehnikasynyň enjamlaryny hem-de ulgamlaryny, özi öwrenýän robotlaryň, robotlaryň emeli nerw ulgamynyň (emeli aň), robotlaryň toparlarynyň dolandyrma ulgamy dörediler;

3) robot-tehniki gurallary uzak aralykdan dolandyrmak üçin hereketleri tanaýan markersiz tehnologiýalar işlenip taýýarlanylar;

4) mikromehaniki, optoelektron, çylşyrymly funksional blokly magnit duýujylykly, çylşyrymly geterogen integral ülňüler dörediler;

5) kwant maglumat tehnologiýasy üçin algoritmleri, programma üpjünçiliklerini we matematiki modelled işlenip taýýarlanylar;

6) ykdysadyýete emeli aňly ulgamlary ornaşdyrylar;

7) bilimde, ylymda we ykdysadyýetde AR/VR (Augmented Reality/Virtual Reality) tehnologiýalary ornaşdyrylar;

8) türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini üpjün etmegiň ösüş ugurlary ylmy esasda seljeriler;

9) kanunçylygyň milli miras we halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny, durnukly ösüşi, adam hukuklaryny üpjün etmekde döwrebap ekologik çemeleşmeler seljeriler;

10) Türkmenistanda hukuk ylymlarynyň ösüş ugurlary, milli hukuk ulgamynyň özboluşlylygy ylmy taýdan seljeriler;

11) sanly ulgamlaryň durmuş-ykdysady ugurlarda ornaşdyrylmagynyň hukuk üpjünçiliginiň ösüşi we täsiri seljeriler.

VI bap. Halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygy

Häzirki döwürde hemişelik Bitarap Türkmenistanda raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda, giň möçberli we köpugurly özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler bolsa, ähli pudaklarda we sebitlerde durnukly ösüşiň hem-de ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň berk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen esasy ugurlara laýyklykda, ykdysadyýeti senagat-innowasion ösüş ýoluna geçirmek, şol sanda maýa goýum işjeňligini giňeltmegiň hasabyna ösdürmek amala aşyrylýar.

Türkmenistan iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebit we dünýä möçberinde möhüm meseleleri çözmek boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça, şeýle hem 2015-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň düzüm böleginiň esasy hökmünde kabul edilen, soňky döwür üçin ösüş babatdaky 17 ählumumy maksady we 169 wezipäni özünde jemleýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda iri durmuş-ykdysady ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak babatda ählumumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşylýar.

Halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlyk babatdaky işler ýurtda ylmy mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, halkara derejesine çykarmak baradaky baş ýörelgeden ugur alnyp, ylmy hem-de tehnologiýa gatnaşyklar barada döwletara, hökümetara we pudagara halkara şertnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny aşakda görkezilen görnüşlerde amala aşyrýar:

1) ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalar esasynda daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary, merkezleri we halkara guramalary bilen ylmy taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak;

2) daşary ýurt döwletleriniň ylmy merkezlerinde türkmen alymlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy guramak;

3) Türkmenistanda ylmy ugurlar boýunça halkara ylmy maslahatlary geçirmek;

4) daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän ylmy çärelere yzygiderli gatnaşmak;

5) daşary ýurtly alymlar we hünärmenler bilen işjeň duşuşyklary geçirmek;

6) daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn ylmy we tehnologiýa gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ösdürmek üçin, ylmy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da berkitmek boýunça degişli işleri alyp barmak.

Türkmenistanda ylmyň geljegi, esasan, onuň dünýäniň ylmy giňişligine çalt we netijeli goşulyşyna bagly bolup, ylym we tehnologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýurduň ylmy-tehniki ösüş derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Şu ýagdaý göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň alymlarynyň beýleki ýurtlaryň alymlary bilen hyzmatdaşlygynyň we gatnaşyklarynyň dürli görnüşlerini goldamaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen çäreler bellenildi. Bu çäreler dünýäde ylym ulgamy boýunça halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny seljermek esasynda kesgitlenendir.

Türkmenistanyň ylmy edaralary daşary ýurtlaryň ylmy edaralary hem-de halkara guramalary, gaznalary, assosiasiýalary bilen şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak arkaly ylym hem-de tehnologiýa ulgamynda ýurdumyz üçin wajyp, düýpli we amaly-ylmy meseleler boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ylmy edaralaryň dünýäniň ylmy giňişliginde tutýan ornuny berkitmek, halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-2052-nji ýyllarda aşakda görkezilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar:

1) gol çekilen Ylalaşyklaryň çäklerinde bilelikde takyk ylmy we tehnologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalaryň çäklerinde ylmy makalalary neşir etmek;

2) ylmy we tehnologik üstünlikler, innowasiýa ösüşleri barada daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen yzygiderli maglumatlaryny alyşmak;

3) hünär derejelerini ýokarlandyrmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin türkmen alymlaryny, şol sanda ýaş alymlary, öňdebaryjy daşary ýurt döwletleriniň merkezlerine iş saparlaryna ugratmak;

4) alymlaryň daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna we beýleki ylmy çärelerine gatnaşmaklaryna ýardam etmek;

5) daşary ýurtly alymlar we hünärmenler bilen işjeň duşuşyklary hem-de daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary bilen bilelikde ylmy seminarlary hem-de Türkmenistanda halkara ylmy çäreleri geçirmäge ähli şertler döretmek;

6) türkmen alymlarynyň halkara ylmy-barlag maksatnamalarynyň çäklerinde işlenip düzülýän iri göwrümli we sebitleýin taslamalaryň işine gatnaşmaklaryna ýardam etmek, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine aralaşmagyna mümkinçilik döretmek hem-de şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda amaly we düýpli ylmyň ösmegine hem-de düýpli ylmy barlaglary talap ediji tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam etmek;

7) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ylmy merkezlerde bilelikdäki halkara ylmy barlaghanalary döretmek, barlaghanalarda ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärleri işläp, olara ýolbaşçylyk etmek üçin, daşary ýurt döwletleriniň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de uniwersitetleriniň öňdebaryjy alymlary bilen bilelikde iş alyp barmak;

8) daşary ýurt döwietleriniň ylmy edaralary bilen özara peýdaly ikitaraplaýyn ylmy-tehniki gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek üçin, ylmy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek;

9) Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň halkara guramalary tarapyndan berilýän grantlara işjeň gatnaşmaklary üçin, alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek.

VII bap. Strategiýany maliýeleşdirmek

Strategiýany amala aşyrmak Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralar üçin olaryň Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan hem-de býujetden daşary serişdeleriniň hasabyna, hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň öz serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdiriler. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän çäreler boýunça çykdajylaryň möçberi her ýyl Döwlet býujeti düzülende, degişli maliýe ýyly üçin kesgitlenilýär.

VIII bap. Garaşylýan netijeler

Strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanyň ylym ulgamy döwrebap derejede öser we aşakdaky netijeler gazanylar:

1) ýaşlarda döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, innowasiýa telekeçiligi we tehniki, ykdysady hem-de beýleki täzelikleri ornaşdyrmak boýunça endikler dörediler we ösdüriler;

2) innowasiýa işleriniň mikro we makro derejelerinde durmuşa geçirilmegini we ösdürilmegini üpjün etmek üçin innowasiýa ulgamyndaky hünärmenleriň sany artdyrylar;

3) ylmyň gazananlarynyň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen, halkara giňişliginde ýurduň ylmy mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli innowasiýa ulgamy dörediler we döwrebaplaşdyrylar;

4) mümkinçilikleri, serişdeleri işjeňleşdirmegiň üznüksiz zynjyryny döretmek arkaly ylym bilen önümçiligiň baglanyşygy jebisleşdiriler;

5) ýokary okuw mekdeplerinde telekeçilik gurşawyny döretmek we ýöriteleşdirilen golçur kompaniýalary (kompaniýanyň özbaşdak bölegi) guralar;

6) ylym, innowasiýa we tehnologiýa pudagynyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, bäsleşige ukyplylygyny döretmek, ykdysadyýetde innowasion önümleri hem-de çözgütleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin, yzygiderli hem-de bitewi ulgamy döretmek arkaly daşary ýurt maýa goýumlaryny we tehniki kömek grantlaryny, şeýle hem wençur guramalary we degişli maliýe bazarlarynyň dürli gurallaryny çekmegiň hasabyna maliýe serişdeleri köpeldiler;

7) ylmy işläp düzmeleri we netijeli innowasiýa mümkinçiligi bolan startap-pikirleri täjirleşdirmegiň derejesi ýokarlandyrylar;

8) dünýä ülňüleri, öň bar bolan ylmy-tehniki we usulyýet üpjünçiligi, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklary boýunça diwersifikasiýa etmegiň esasynda startaplary we kiçi innowasiýa edaralaryny birleşdirip, innowasiýa klasterleri dörediler;

9) Türkmenistanyň innowasiýa işjeňligi we ylmy kuwwaty ýokarlandyrylar;

10) ylmy köp talap edýän we innowasiýa häsiýetli önümleriň hem-de hyzmatlaryň dünýä bazaryna eksportynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam berler;

11) içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, halkara hil şahadatnamasy bilen milli nyşanly önümleriň sanyny artdyrmaga ýardam berler;

12) bäsleşige ukyply we ýokary tehnologiýaly täze önümleriň kiçi hem-de uly göwrümli önümçiligini guramak arkaly goşulan gymmaty döretmäge ýardam berler;

13) işläp düzüjiniň, telekeçileriň we maýadarlaryň emläk hukuklaryny kepillendirmäge hem-de özara gyzyklanma, höweslendirmä we bäsleşige esaslanýan «innowasiýa-maýa goýum-innowasiýa» aýlawly ulgam üpjün ediler;

14) Türkmen edebi dil bilimi, edebiýaty öwreniş ylmy, halk döredijiligi, golýazma çeşmeleri bilen bagly ylmy-barlaglar alnyp barlar;

15) Taryhy şahslarymyzyň, meşhur alymlarymyzyň döredijilik miraslary ylmy esasda öwrenilip, halkara derejesinde wagyz ediler;

16) «Bitaraplyk» atly ensiklopediýa taýýarlanar;

Ylmyň takyk we tebigy ugurlary, tehniki, oba hojalyk, lukmançylyk, psihologiýa, sosiologiýa ylymlary, syýasy, harby-nazary, Ýer we daşky gurşaw baradaky, şeýle hem ylmyň kognitiw ugurlary boýunça depginli ösüşler gazanylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda

çykaran РР-449-njy Permany bilen

tassyklandy

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli

çäreleriň 2024-2028-nji ýyllar üçin

MEÝILNAMASY

T/b Ýerine ýetirilmeli çäreler Ýerine ýetirilmeli möhleti Jogapkär edaralar

T/b

Ýerine ýetirilmeli çäreler

Ýerine ýetirilmeli möhleti

Jogapkär edaralar

1. Türkmenistanyň ylym ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

1.

Türkmenistanyň ylym ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

2. Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny döwrebap özgertmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

2.

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny döwrebap özgertmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

3. Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

3.

Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

4. Ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak 2025-2026-njy ýyllar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

4.

Ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak

2025-2026-njy ýyllar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

5. Merkezi ylmy kitaphanada elektron hyzmatynyň işini döwrebap kämilleşdirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

5.

Merkezi ylmy kitaphanada elektron hyzmatynyň işini döwrebap kämilleşdirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

6. Ylym ulgamyny maliýeleşdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek babatda teklipleri taýýarlamak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

6.

Ylym ulgamyny maliýeleşdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek babatda teklipleri taýýarlamak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

7. Türkmen halkynyň taryhyny golýazma çeşmeleri esasynda öwrenmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

7.

Türkmen halkynyň taryhyny golýazma çeşmeleri esasynda öwrenmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

8. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň arheologik barlaglaryny dowam etdirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

8.

Ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň arheologik barlaglaryny dowam etdirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

9. Ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň esasynda türkmen diliniň, edebiýatynyň möhüm meselelerini ylmy barlaga çekmek, sözlükleri düzmek we kitaplary neşire taýýarlamak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

9.

Ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň esasynda türkmen diliniň, edebiýatynyň möhüm meselelerini ylmy barlaga çekmek, sözlükleri düzmek we kitaplary neşire taýýarlamak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

10. Gadymy we nusgawy türkmen edebiýatynyň, halk döredijiliginiň ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasy

10.

Gadymy we nusgawy türkmen edebiýatynyň, halk döredijiliginiň ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasy

11. Türkmen halkynyň taryhyna, milli mirasyna degişli golýazma çeşmelerini toplamak, öwrenmek we terjime etmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

11.

Türkmen halkynyň taryhyna, milli mirasyna degişli golýazma çeşmelerini toplamak, öwrenmek we terjime etmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

12. Türkmen edebi diliniň orfografiýasyna, punktuasiýasyna degişli kadalary, adalgalary döretmekde we ulanmakda ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmek maksady bilen, Ylymlar akademiýasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Orfografiýa, punktuasiýa we terminologiýa baradaky» iş toparyny döretmek 2025-2026-njy ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

12.

Türkmen edebi diliniň orfografiýasyna, punktuasiýasyna degişli kadalary, adalgalary döretmekde we ulanmakda ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmek maksady bilen, Ylymlar akademiýasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Orfografiýa, punktuasiýa we terminologiýa baradaky» iş toparyny döretmek

2025-2026-njy ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

13. Sanly, şol sanda robot tehnikasy, emeli aň, zatlaryň interneti tehnologiýalaryny ulanmak boýunça ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi

13.

Sanly, şol sanda robot tehnikasy, emeli aň, zatlaryň interneti tehnologiýalaryny ulanmak boýunça ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi

14. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek 2024-2025-nji ýyllar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

14.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek

2024-2025-nji ýyllar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

15. Geografiki maglumat ulgamlary tehnologiýalary arkaly milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin monitoring ulgamlary taýýarlamak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

15.

Geografiki maglumat ulgamlary tehnologiýalary arkaly milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin monitoring ulgamlary taýýarlamak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

16. Galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ylmy-barlaglary alyp barmak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

16.

Galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ylmy-barlaglary alyp barmak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

17. Ýerli ösümlik çig malynyň esasynda derman öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

17.

Ýerli ösümlik çig malynyň esasynda derman öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

18. Biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

18.

Biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

19. Azyk önümleriniň innowasion görnüşlerini öndürmegiň döwrebap tehnologiýalaryny işläp düzmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

19.

Azyk önümleriniň innowasion görnüşlerini öndürmegiň döwrebap tehnologiýalaryny işläp düzmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

20. Türkmenistanyň mineral we gidromineral çig malyny gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem olardan seýrek ýaýran elementleriň birleşmelerini almagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak 2024-2028-nji ýyllar «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

20.

Türkmenistanyň mineral we gidromineral çig malyny gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem olardan seýrek ýaýran elementleriň birleşmelerini almagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak

2024-2028-nji ýyllar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

21. Ýurdumyzyň oba hojalygy üçin gerekli mineral we organomineral dökünleri öndürmegiň ylmy esaslaryny we täze usullaryny işläp düzmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

21.

Ýurdumyzyň oba hojalygy üçin gerekli mineral we organomineral dökünleri öndürmegiň ylmy esaslaryny we täze usullaryny işläp düzmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

22. Ýerli çig mal esasynda dürli mineral goşundyly sement önümçiliginiň täze tehnologiýalaryny işläp düzmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

22.

Ýerli çig mal esasynda dürli mineral goşundyly sement önümçiliginiň täze tehnologiýalaryny işläp düzmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

23. Adamyň beden agzalarynda daşlaryň döremeginiň himiki we biohimiki hadysalarynyň sebäplerini düýpli öwrenmek, käbir keselleriň döremeginde mikroelementleriň ýetmezçiliginiň agyz suwy, toprak we howa şertleri bilen arabaglanyşygyny seljermek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

23.

Adamyň beden agzalarynda daşlaryň döremeginiň himiki we biohimiki hadysalarynyň sebäplerini düýpli öwrenmek, käbir keselleriň döremeginde mikroelementleriň ýetmezçiliginiň agyz suwy, toprak we howa şertleri bilen arabaglanyşygyny seljermek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

24. Ýertitremeleriň toplumlaýyn gözegçiligini geçirmek we yzygiderli kämilleşdirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

24.

Ýertitremeleriň toplumlaýyn gözegçiligini geçirmek we yzygiderli kämilleşdirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

25. Alnan seýsmiki maglumatlary seljermekde, derňemekde we olardan netije çykarmakda täze awtomatiki usullary giňden ulanmak we şonuň esasynda Milli seýsmologik gözegçilikler toruny halkara seýsmologik gözegçilikler torana utgaşdyrmak 2025-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

25.

Alnan seýsmiki maglumatlary seljermekde, derňemekde we olardan netije çykarmakda täze awtomatiki usullary giňden ulanmak we şonuň esasynda Milli seýsmologik gözegçilikler toruny halkara seýsmologik gözegçilikler torana utgaşdyrmak

2025-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň

Ylymlar akademiýasy

26. Türkmenistanyň Seýsmiki howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak 2025-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary

26.

Türkmenistanyň Seýsmiki howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak

2025-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary

27. Seýsmiki mikroetraplaşdyrmagyň kartalary esasynda şäher çäkleriniň baş meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak 2026-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

27.

Seýsmiki mikroetraplaşdyrmagyň kartalary esasynda şäher çäkleriniň baş meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak

2026-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

28. Ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ulanmak hem-de adaty suwaryş usullaryny ylmy esasda işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlamak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti

28.

Ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ulanmak hem-de adaty suwaryş usullaryny ylmy esasda işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlamak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti

29. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek we ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça ylmy barlag işlerini dowam etdirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

29.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek we ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça ylmy barlag işlerini dowam etdirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

30. Barmasy kyn bolan sebitleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde gün we ýel elektrik (ýaşyl wodorod energetikasynyň) stansiýalarynyň synag taslamalaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

30.

Barmasy kyn bolan sebitleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde gün we ýel elektrik (ýaşyl wodorod energetikasynyň) stansiýalarynyň synag taslamalaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

31. Daşky gurşawyň yzygiderli gözegçilik ulgamyny işläp düzmek we onuň Milli merkezini döretmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Aşgabat şäheriniň häkimligi

31.

Daşky gurşawyň yzygiderli gözegçilik ulgamyny işläp düzmek we onuň Milli merkezini döretmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Aşgabat şäheriniň häkimligi

32. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

32.

Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

33. Türkmenistanyň Ekologiýa atlasyny işläp taýýarlamak 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri

33.

Türkmenistanyň Ekologiýa atlasyny işläp taýýarlamak

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri

34. Howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini derňemek boýunça ylmy-barlaglary geçirmek 2024-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

34.

Howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini derňemek boýunça ylmy-barlaglary geçirmek

2024-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

35. Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2029-2033-nji ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak 2025-2028-nji ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

35.

Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2029-2033-nji ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak

2025-2028-nji ýyllar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy