Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 800-nji madda)
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlary şu Permana goşulýan sanawa* (*Ýygyndyda Sanaw getirilmeýär) laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmeli.
2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabry.
№ PP-439