Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024-nji ýyl, № 1-2, 626-njy madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmeli.

2. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini degişli pudaklar boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi degişlilikde öz Düzgünnamalarynyň, merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.

№ PP-344