Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 3-4, 377-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, özara bähbitli tejribe alyşmak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda uly işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Gazagystan Respublikasynyň «Ahal-Teke» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Ýakow Dige,

Kanadanyň hususy atşynasy Kerri Jo Stewarta.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2023-nji ýylyň aprel aýynyň 22-si.

№ PP-204