Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 12, 283-nji madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleri yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge uly goşant goşýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly:

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Hojanazarowiç Çaryguliýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Jumamyradowiç Amanlykowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 21-i.

№ PP-149