Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin»
ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 12, 277-nji madda)
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-si.
№ PP-142