Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 10-11, 256-njy madda)
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin, şeýle hem türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-sy.
№ PP-139