Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 1-2, 307-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.04.2023 ý. çykaran № PP-197 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň umumy işgär sanynyň hem-de kazylarynyň umumy sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmeli.
Ikinji bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.04.2023 ý. çykaran № PP-197 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Serdar
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.
№ PP-157