G.K.Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G.K.Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk»
ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2022-nji ýyl, № 9, 216-njy madda)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, döwletiň howpsuzlygyny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Serdar
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-i.
PP-123