Respublikan Döwlet “Türkmenhaly” birleşigini döretmek hakynda
Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň 25.11.1990 ý. çykaran № 14 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.10.2000 ý. çykaran № PP-3193 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTAN SSR-NIŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Respublikan Döwlet “Türkmenhaly” birleşigini döretmek hakynda
(TSSR Ýokary Sowetiniň wedomostlary, 1990-njy ýyl, № 21-22, 254-nji madda)
1. Respublikan Döwlet “Türkmenhaly” birleşigini döretmeli.
2. Şu Birleşigiň döredilmegi bilen baglanyşykly zerur çäreleri durmuşa geçirmegi Türkmenistan SSR-niň Premýer-ministri ýoldaş H.Ahmedowa tabşyrmaly.
Türkmenistan SSR-niň Prezidenti S.Nyýazow
Aşgabat şäheri.
1990-njy ýyl, 25-nji noýabr.
№ 14