Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 12.03.1992

Harby prokuraturanyň organlary hakynda

Официальный текст по состоянию на 1992-03-12

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Harby prokuraturanyň organlary hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.03.1992 ý. çykaran № UP-332 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.09.1999 ý. № PP-2953 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby prokuraturanyň organlary hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý., № 3, 183-nji madda)

SSSR Prokuraturasynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşyklylykda, harby birleşmelerde kanunlaryň bir dürli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen hem-de “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda karar edýärin:

1. Aşgabat, Mary, Guşgy, Gyzylarbat we Krasnowodsk garnizonlarynyň harby prokuraturalaryny Türkmenistanyň Prokurorynyň tabynlygyna bermeli.

2. Harby birleşmelerinde kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan prokuratura organlarynyň işini düzgünleşdirýän täze kanunçykaryjy akt kabul edilýänçä:

SSSR Ýokary Soweti tarapyndan 1981-nji ýylyň 4-nji awgustynda tassyklanylan Harby prokuratura hakyndaky düzgünnamany Türkmenistanyň territoriýasynda ulanylýar diýip hasap etmeli;

harby prokuratura organlarynyň liçnyý sostawynda harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny hem-de pul töleginiň we beýleki tölegleriň ähli görnüşlerini saklap galmaly;

Türkmenistanyň Goranmak işleri baradaky ministrligini habarly etmek bilen, harby gullukçylaryň, işçileriň we gullukçylaryň berlen umumy sanynyň çäklerinde harby prokuratura organlarynyň strukturasyny hem-de ştatlaryny bellemäge we üýtgetmäge, ýerleşdirilişini kesgitlemäge Türkmenistanyň Prokuroryna hukuk bermeli.

3. Şu Perman oňa gol çekilen pursatyndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow

Aşgabat şäheri.

1992-nji ýylyň 12-nji marty

№ UP-332