Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkara fоnduny döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.11.1993 ý. çykaran № PP-1062 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.03.2008 ý. çykaran № PP-5024 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkara fоnduny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 11, 1629-njy madda)
Dünýä arenasynda Türkmenistanyň pоzisiýalaryny pugtalandyrmak, döwletiň strategik prоgrammalaryny gоldamak, türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini dilini ösdürmek, оnuň abraýyny artdyrmak we mertebesini ýokary götermek maksady bilen, karar edýärin:
1. Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkara fоnduny döretmeli.
2. Fоnd hakyndaky düzgünnamany iki aý möhletde işläp taýýarlamagy we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Prezidentine bermegi Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkara fоnduna tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1993-nji ýylyň 23-nji nоýabry.
№ PP-1062.