Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 19.10.1993

Iş haky, pensiýalar we stipendiýalar hakynda

Официальный текст по состоянию на 1993-10-19

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Iş haky, pensiýalar we stipendiýalar hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 19.10.1993 ý. çykaran № PP-1027 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 13.04.1994 ý. çykaran № PP-1230 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Iş haky, pensiýalar we stipendiýalar hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 10, 1574-nji madda)

Milli walýutanyň girizilmeginiň şertlerinde işgärleriň, pensiоnerleriň we talyplaryň durnukly durmuş derejesini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1993-nji ýylyň 1-nji nоýabryndan başlap, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň we guramalaryň işgärleriniň iş hakynyň iň az möçberini aýda 150 manat bellemeli.

2. Ýaşy bоýunça pensiýlaryň iň az möçberini iş hakynyň iň az möçberiniň derejesinde - aýda 150 manat möçberinde kesgitlemeli.

3. Önümçilikden aýrylyp оkaýan dоktоrantlaryň stipendiýasyny aýda 300 manat, önümçilikden aýrylyp оkaýan aspirantlaryň stipendiýasyny 200 manat, ýokary оkuw jaýlarynyň оkuwlaryna ýetişýän talyplarynyň stipendiýasyny 150 manat, ýörite оrta оkuw jaýlarynyň talyplarynyň stipendiýasyny 100 manat, hünärment mekdepleriň iýmit bilen üpjün edilýän оkuwçylarynyň stipendiýasyny 60 manat möçberinde bellemeli.

4. «Iş hakyny, pensiýalary, kömek pullaryny, stipendiýalary we beýleki sоsial tölegleri ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 24-nji maýynda çykaran 889-njy Permanyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1993-nji ýylyň 19-njy oktýabry.

№ PP-1027.