Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 01.04.1993

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran № 333 kararyna üýtgetme girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 1993-04-01

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran № 333 kararyna üýtgetme girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.04.1993 ý. çykaran № PP-798 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.04.2014 ý. çykaran № PP-6547 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran

№ 333 kararyna üýtgetme girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1154-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.05.1994 ý. çykaran № PP-1222 we 03.04.2003 ý. çykaran № PP-3847 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

«Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran № 333 kararyna üýtgetme girizip, 1-nji punktuny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«1. 1992-nji ýyldan başlap, her ýyl berilýän Magtymguly adyndaky Halkara baýraklarynyň altysyny döretmeli.

Şol baýraklaryň:

üçüsi Türkmenistanyň graždanlaryna türkmen edebiýatynyň has talantly, ýokary çeperçilikli eserleriniň we edebiýaty öwreniş işleriniň, saz, kino eserleriniň, şekillendiriş we teatr sungaty eserleriniň, telewizion hem-de radioprogrammalarynyň we tygşytly arhitektura desgalarynyň döredilenligi, konsert işi üçin, şeýle hem aýry-aýry graždanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň Magtymgulynyň ynsanperwerçilik ideýalaryny durmuşa geçirmekde - bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär;

bir baýrak çagalar üçin aýratyn görnükli we has talantly, ýokary çeperçilikli eserler üçin berilýär;

iki baýrak daşary ýurt graždanlaryna Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge we milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglar üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň klassigy Magtymgulynyň döredijilik mirasyny öwrenmek we wagyz etmek baradaky işler üçin berilýär diýip bellemeli.

Her bir baýragyň pul görnüşli bölegi iň az iş hakynyň möçberiniň 30 essesine barabardyr.

Baýraklar Magtymgulynyň Poeziýa güni geçirilen döwürde döşe dakylýan nyşan we diplom gowşurmak bilen berilýär.

Görkezilen baýragy tölemek bilen baglanyşykly çykdajylary Türkmenistanyň Hökümetiniň walýuta fondunyň serişdeleriniň hasabyna tölemeli».

Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 1-nji apreli

№ PP-798