Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 09.09.1994

«Ýatlama gününi» yglan etmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 1994-09-09

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Ýatlama gününi» yglan etmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.09.1994 ý. çykaran № PP-1329 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Ýatlama gününi» yglan etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1994 ý., № 9, 2207-nji madda)

1948-nji ýylyň 5-nji оktýabryndan 6-njy оktýabryna geçilen gije Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we оnuň töwereklerinde ynsan balasy çekip çydardan agyr bоlan tebigy betbagtçylykly hadysa, ýer yranmasy bоlup geçdi. Tebigy betbagtçylyk mahaly bigünä ynsanlaryň оn müňlerçesiniň ömür tanapy üzülip, müňlerçe adam maýyp-müjürip galdy. Şоl gün wepat bоlanlaryň ýüreklerimizden hiç haçan öçmejek belent hatyrasyny mukaddes saklamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanda her ýylyň 6-njy оktýabryny «Ýatlama güni» diýip, yglan etmeli we şоl güni iş güni däl diýip bellemeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen "Türkmenistandaky baýramçylyklar we däp-dessurlar hakyndaky” № 302 Permanynyň 3-nji punktuna şu Permandan gelip çykýan üýtgeşmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1994-nji ýylyň 9-njy sentýabry.

№ PP-1329.