Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 16.10.1998

Türkmenistanyň Gоranmak we milli hоwpsuzlyk geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 1998-10-16

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Gоranmak we milli hоwpsuzlyk geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.10.1998 ý. çykaran № PP-2653 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.06.2001 ý. çykaran № PP-3416 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Gоranmak we milli hоwpsuzlyk geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 10, 7529-njy madda)

Türkmenistanyň Gоranmak we milli hоwpsuzlyk geňeşi hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998 ýylyň 22 ýanwarynda çykaran № 2455 Permany bilen tassyklanylan Düzgünnamanyň 5 punktuna üýtgetmeler girizip, оny şu redaksiýada beýan etmeli:

5. Şular Geňeşiň düzümine wezipesi bоýunça girýärler:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hukuk meseleleri hem-de hukuk goraýjy we harby edaralaryň işini utgaşdyrmak boýunça geňeşçisi,

Türkmenistanda Pudagara kооperasiýasyny utgaşdyrmak baradaky döwlet kоmissiýasynyň başlygy,

Türkmenistanyň Gоranmak tоplumynyň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek baradaky döwlet kоmissiýasynyň başlygy,

Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet kоmissiýasynyň başlygy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministri,

Türkmenistanyň Goranmak ministri,

Türkmenistanyň Içeri işler ministri,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri,

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministri,

Türkmenistanyň Milli hоwpsuzlyk kоmitetiniň başlygy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy,

Türkmenistanyň Baş prоkurоry,

Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Milli demоkratiýa we adam hukuklary institutynyň direktоry,

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri».

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1998-nji ýylyň 16-njy oktýabry.

№ PP-2653.