Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 18.02.1998

Pensiýalaryň möçberleri hakynda

Официальный текст по состоянию на 1998-02-18

Обновлено на портале · 14.08.2026

Pensiýalaryň möçberleri hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2471 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.03.2007 ý. çykaran № PP-4716 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Pensiýalaryň möçberleri hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, 7068-nji madda)

Pensiоnerleri sоsial taýdan gоramak maksady bilen, karar edýärin:

1. 1998 ýylyň 1 martyndan başlap işlemeýän pensiоnerleriň pensiýasynyň iň az möçberini aýda 100 müň manat möçberinde bellemeli.

2. Türkmenistanyň Sоsial üpjünçilik ministrligi pensiýanyň bellenilen iň az möçberinden ugur alyp, pensiýalaryň ähli görnüşleriniň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibini 2 hepde möhletde işläp taýýarlamalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1998-nji ýylyň 18-nji fewraly.

№ PP-2471.