Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 04.11.2000

Garaşsyz Türkmenistanda Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2000-11-04

Обновлено на портале · 14.08.2026

Garaşsyz Türkmenistanda Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.11.2000 ý. çykaran № PP-3202 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Garaşsyz Türkmenistanda Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 11, 531-nji madda)

Merdana türkmen halky goja taryhda özüniň ruhubelentligi, beden sagdynlygy bilen tanalan halkdyr. Şöhratly ata-babalarymyz öz nesilleriniň ruhy hem beden taýdan sagdyn, zähmetsöýer, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda hemişe aladalanyp gelipdir. Beýik Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen pederlerimiziň bu mizemez milli ýörelgelerini dowam etdirmek, ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan uly işler bitirilip, Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli ýerinde dünýä derejesine laýyk gelýän köpsanly sport desgalary bedenterbiýe, sagaldyş merkezleri guruldy.

XXI asyryň - türkmen halkynyň Altyn asyrynyň bosagasynda uzynlygy 36,4 kilometr bolan Köpetdagyň 1040 metr beýikliginiň üstünden gurlan “Serdar ýoly” ulanylmaga berildi.

Altyn asyrymyzda türkmeniň altyn nesilleriniň ruhlarynyň belent bolmagy, beden taýdan sagdynlygy hakynda aladalanyp, karar edýärin:

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň birinji şenbe gününi Saglyk güni diýip yglan etmeli we türkmen halkynyň milli toýy hökmünde bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2000-nji ýylyň 4-nji noýabry.

№ PP-3202.