Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 03.03.2000

Döwlet hemaýat pullarynyň iň ýokary möçberleri hakynda

Официальный текст по состоянию на 2000-03-03

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Döwlet hemaýat pullarynyň iň ýokary möçberleri hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.03.2000 ý. çykaran № PP-3066 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.03.2007 ý. çykaran № PP-4716 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Döwlet hemaýat pullarynyň iň ýokary möçberleri hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 3, 143-nji madda)

XXI asyrda - türkmen halkynyň altyn asyrynda Türkmenistanyň raýatlarynyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de «Pensiýalar hakyndaky» we «Döwlet hemaýat pullary hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1999-ýylyň 1-dekabryndan başlap goşmaça haklaryň we goşmaça tölegleriň ähli görnüşlerini hasaba almak bilen, döwlet hemaýat pullarynyň iň ýokary möçberini:

harby gullugyň «Döwlet hemaýat pullary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-maddasynyň 4-bölüminiň «a» kiçi bölüminde görkezilen I we II topardaky maýyplary üçin - durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiň derejesinde;

iş (gulluk) stažy bolan I we II topardaky maýyplar, harby gullugyň «Döwlet hemaýat pullary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-maddasynyň 4-bölüminiň «b» kiçi bölüminde görkezilen I we II topardaky maýyplary üçin - durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiň 0,75-i derejede;

harby gullugyň «Döwlet hemaýat pullary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-maddasynyň 4-bölüminiň «a» kiçi bölüminde görkezilen III topardaky maýyplary üçin - durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiň 0,6-sy derejede;

III topardaky maýyplar, şeýle hem «Döwlet hemaýat pullary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-maddasynyň 4-bölüminiň «b» kiçi bölüminde görkezilen hut şol topardaky maýyplar üçin - durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiň 0,5-i derejede;

iş (gulluk) stažy bolan ekleýjisini ýitiren maşgalalar, şeýle hem ýetim çagalar üçin - durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiň derejesinde bellemeli.

2. Pensiýalary we döwlet hemaýat pullaryny Türkmenistanyň ygtyýarly edilen bank edaralarynyň üsti bilen durmuş üpjünçiligi edaralary tölemeli, işleýän raýatlara olaryň işleýän ýerinde durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň hasabyna tölenilýän pensiýalar we döwlet hemaýat pullary muňa girmeýär.

3. «Pensiýalaryň we döwlet hemaýat pullarynyň möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 8-sentýabrynda çykaran № 2616 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2000-nji ýylyň 3-nji marty.

№ PP-3066.