Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 10.01.2000

Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2000-01-10

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.01.2000 ý. çykaran № PP-3012 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.05.2010 ý. çykaran № PP-5594 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 1, 6-njy madda)

“Türkmen halkynyň altyn asyry boljak XXI asyryň bosagasynda Türkmenistanda iş hakyny, stipendiýalary we ýardam pullaryny köpeltmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-ýylyň 27-dekabrynda çykaran № 3004 Permany bilen baglanyşykly durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Ozal Türkmenistan boýunça tassyklanylan iň az we ortaça iş hakyndan hasaplanylan durmuş tölegleriniň we beýleki tölegleriň, salgytlaryň, ýygymlaryň, paçlaryň we jerimeleriň möçberini binýatlyk mukdary kanunçylyk tertibinde bellemek arkaly kesgitlemeli.

2. Şu Permanyň 1-böleginde görkezilen tölegleri hasaplamak üçin binýatlyk mukdary 1999-ýylyň 1- dekabryndan başlap 250 müň manat möçberde bellemeli.

3. Türkmenistanyň Ýustisiýa hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň kanunlaryna girizmek boýunça teklipleri taýýarlamaly we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2000-nji ýylyň 10-njy ýanwary.

№ PP-3012.