Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.03.2001 ý. çykaran № PP-3356 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 26.02.2003 ý. çykaran № PP-3839 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 3, 169-njy madda)
Türkmen halkynyň altyn asyry bolan XXI asyrda ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen we kärhanalaryň, guramalaryň hem-de edaralaryň işgärleriniň iş hakynyň köpeldilmegi bilen baglanyşykly, karar edýärin:
1. 2001-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, şahsy adamlardan girdeji salgydyny alynýan girdejiniň möçberine baglylykda tapawutlandyrylan möçberlerde goşunda laýyklykda almaly.
2. «Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran № 2998 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999-njy ýyl, № 12, 586-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2001-nji ýylyň 20-nji marty.
№ PP-3356.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2001-nji ýylyň 14-nji martynda
çykaran № PP-3356 Permanyna
goşundy
Aýlyk girdejiniň möçberi we girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
Aýlyk girdejiniň möçberi (manatlarda) Girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
Aýlyk girdejiniň möçberi
(manatlarda)
Girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
750 000-e çenli ýüzden 8
750 001-den 900 000-e çenli ýüzden 8,5
900 001-den 1 050 000-e çenli ýüzden 9
1 050 001-den 1 200 000-e çenli ýüzden 9,5
1 200 001-den 1 350 000-e çenli ýüzden 10
1 350 001-den 1 500 000-e çenli ýüzden 10,5
1 500 001-den 1 650 000-e çenli ýüzden 11
1 650 001-den 1 800 000-e çenli ýüzden 11,5
1 800 001 -den köp ýüzden 12
Bellik. Utgaşdyrma işinden alynýan girdejilere ýüzden 12-i möçberde ýeke-täk salgyt salynýar.