Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň toparlaryny döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.11.2002 ý. çykaran № PP-3738 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 17.10.2007 ý. çykaran № PP-4893 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň toparlaryny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 11, 538-nji madda)
Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň demokratik esaslaryny has-da ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça işi kämilleşdirmek, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna garşy göreşmekde netijeli çäreleri işläp taýýarlamak hem-de Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin edara ediş jogapkärçiligi baradaky işlere garalan mahaly kanunylygy üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gozegçiligi gullugynyň toparlaryny döretmeli.
2. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň toparlary hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin Türkmenistanyň Edara ediş hukuk düzgünleriniň bozulmalary hakyndaky jemkanunyna laýyklykda zähmete hak tölemegiň iň az möçberiniň 0,5-inden köp möçberde jerime salmak, ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan mahrum etmek göz öňünde tutulýan edara ediş jogapkärçiligi baradaky işlere we anyklanmaga degişli ýagdaýlara garamak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň toparlarynyň ygtyýarlygyna degişli etmeli.
4. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin salnan jerimäni düzgüni bozujy 12 sagadyň dowamynda tölemelidir, jerime görkezilen möhletde tölenmedik halatda bolsa 72 sagat tamamlaýança jerimäniň möçberi her 12 sagatdan iki esse artýar.
5. Düzgüni bozujy 72 sagadyň dowamynda salnan jerimäni tölemese, kanunlarda bellenilen jerime tölenýänçä Ýol hereketiniň kadalary bozulan ulag serişdesini saklawa almaga Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna ygtyýar bermeli.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri saklawa alnan ulag serişdelerini goýmaga tölegli duralgalary guramak üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň birliklerine bermeli.
6. Türkmenistanyň Goranmak ministligi Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde dahylly pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, şu Permanyň 4-nji bölümini ulanmagyň tertibi hakyndaky gözükdirmäni işläp tayýarlamaly we tassyklamaly.
7. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrtigi dahylly ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary ulanylýan kanunlara girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministler Kabinetine hödürlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2002-nji ýylyň 14-nji noýabry.
№ PP-3738.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2002-nji ýylyň «14» noýabr
çykaran № PP-3738 Permany bilen
tassyklanyldy
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň toparlary hakynda
D Ü Z G Ü N N A M A
1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň toparlarynyň (mundan beýläk - toparlar) hukuk derejesini, ygtyýarlyklaryny we işiniň tertibini kesgitleýär.
2. Toparlar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny we şu Düzgünnamany goldanýar hem-de öz işini ulanylýan kanunçylyk namalarynyň talaplaryna berk laýyklykda amala aşyrýar.
Toparlaryň agzalary öz işinde kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryny bozan halatlarynda olar ulanylýan kanunlara laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
3. Toparlar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň (mundan beýläk - Gulluk) etrap hem-de şäher bölümlerinde Gullugyň hünärmenlerinden we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekillerinden döredilýär. Toparlaryň düzümini Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi müdirliginiň başlygy tassyklaýar.
4. Toparyň işi ýol hereketine gatnaşyjylaryň düzgün-nyzamyny pugtalandyrmagy, ulaglarda heläkçilikli ýagdaý üçin edara ediş iş tejbesiniň täsiriniň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilmelidir, şunda raýatlaryň hukuklary we kanuny bähbitleri hiç bir ýagdaýda kemsidilmeli däldir, şeýle halatlar ýüze çykanda bolsa onuň öňüni almak boýunça çäreler görülmelidir.
5. Toparlar Türkmenistanyň Edara ediş hukuk düzgünleriniň bozulmalary hakyndaky jemkanunyna laýyklykda zähmete hak tölemegiň iň az möçberiniň 0,5-inden köp möçberde jerime salmak, ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan mahrum etmek göz öňünde tutulýan Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin, şeýle hem Gullugyň işgäriniň çykaran karary bilen ýol hereketine gatnaşyjynyň ylalaşmadyk ähli halatlarynda edara ediş jogapkärçiligi baradaky işlere garaýar.
6. Edara ediş hukuk düzgüniniň bozulmalary barada Gullugyň işgäriniň düzen teswirnamasy edara ediş jogapkärçiligi baradaky işe garamak üçin esas bolup hyzmat edýär.
7. Edara ediş hukuk düzgüniniň bozulmagy baradaky işe teswirnamanyň alnan gününden başlap 15 gün möhletde düzgüni bozujynyň ýaşaýan ýerindäki topar garaýar. Aýry-aýry halatlarda işe ulag serişdesiniň hasaba alnan ýerinde hem garalyp bilner.
8. Toparlar işe açyk mejlisde garaýar, ol kada bolşy ýaly, hepdede azyndan 2 gezek geçirilýär, özi-de şolaryň biri dynç alyş güni geçirilýär. Garalýan maglumatlaryň sanyna görä toparlaryň mejlisleriniň bir hepdede geçirilýän günleri köpeldilip bilner.
Eger toparyň mejlisine onuň düzüminiň azyndan ýarpysy gatnaşsa, şol mejlis ygtyýarly hasap edilýär.
9. Edara ediş hukuk düzgünini bozan adama şu aşakdaky temmileriň biri berlip, ýagny:
duýduryş berlip;
jerime salnyp;
ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan mahrum edilip;
temmi bermegiň kanunlarda bellenilen edara ediş çärelerini ýerine ýetirmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan adamlaryň ulag serişdeleri saklawa alnyp;
işiň maglumatlary jemgyýetçiligiň garamagy üçin düzgüni bozujynyň işleýän ýa-da okaýan ýerine iberilip bilner.
10. Topar işe edara ediş jogapkärçiligine çekilýän adamyň gatnaşmagynda garaýar. Oňa teswirnama we işe degişli beýleki maglumatlar bilen tanyşmaga hukuk, şeýle hem düzgüni bozmanyň düýp manysy boýunça düşündiriş bermäge, subutnamalary we towakganama bermäge hukuk üpjün edilýär.
Işe edara ediş jogapkärçiligine çekilýän adamyň bolmazlygynda diňe ol işiň garalýan ýeri we wagty barada wagtynda habardar edilendigi hakyndaky maglumatlar bar mahaly we eger ondan işe garamagy başga güne geçirmek hakynda towakganama gelmedik halatlarda garalyp bilner.
11. Zerur halatda toparyň mejlisine şaýatlar, şeýle hem döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyrylyp bilner. Işe garalýança topar işiň düýp mazmunyny barlamagy toparyň agzasyna tabşyryp biler.
12. Toparyň mejlisi teswirnama bilen resmileşdirilýär, onda mejlisiň geçirilen senesi we ýeri, toparyň ady we düzümi, garalýan işiň mazmuny, işe gatnaşýan adamlaryň gelmegi hakyndaky maglumatlar, işe garamaga gatnaşýan adamlaryň düşündirişleri, olaryň towakganamalary we olara garamagyň netijeleri, işe garalan mahaly barlanylan resmi namalar hem-de subutnamalar, kabul edilen kararyň yglan edilmegi we oňa şikaýat etmegiň tertibiniň hem-de möhletleriniň düşündirilmegi baradaky maglumatlar görkezilýär.
Toparyň mejlisiniň tertipnamasyna mejlise başlyklyk ediji we kätip gol çekýär.
13. Topar edara ediş hukuk düzgünleriniň bozulmalary baradaky işe garap, karar çykarýar. Kararda şular görkezilmelidir:
işe garaýan toparyň ady;
kararyň çykarylan senesi, wagty we ýeri;
özi baradaky işe garalýan adamyň ady, atasynyň ady, familiýasy, ýaşy, işleýän (okaýan) we ýaşaýan ýeri;
düzgüniň bozulan wagty, ýeri we düýp mazmuny;
edara ediş temmisiniň görnüşi, pul jerimesi salnan mahaly bolsa, onuň möçberi, tölemegiň möhleti we tertibi;
karara şikaýat etmegiň möhleti we tertibi.
14. Toparyň iş boýunça karary oňa garamak tamamlanmagy boýunça haýal edilmän çykarylýar we yglan edilýär hem-de 3 gije-gündiziň dowamynda kararyň nusgasy özi barada karar çykarylan adama çekdirilip gowşurylýar ýa-da oňa iberilýär, bu barada işde degişli ýazgy ýazylýar.
15. Toparyň karary sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär we oňa başlyk hem-de toparyň işe garamaga gatnaşan agzalary gol çekýär.
16. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin edara ediş jogapkärçiligi barada önümçiligi amala aşyrmak, temmi babatda şikaýat etmek we ony ýatyrmak Türkmenistanyň Edara ediş hukuk düzgünleriniň bozulmalary baradaky jemkanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
17. Toparlaryň iş onümçiligini we hasabat bermegini Gullugyň etrap we şäher bölümleri amala aşyrýar.
18. Toparlaryň işine Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi müdirligi hem-de onuň welaýat gulluklary gözegçilik edýär.