Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 13.02.2002

Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Официальный текст по состоянию на 2002-02-13

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň 13.02.2002 ý. çykaran № PP-3555 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.08.2003 ý. çykaran № PP-3900 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 2, 46-njy madda)

«Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar)

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky Düzgünnamany 2002-nji ýylyň 19-njy fewralyndan güýje girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2002-nji ýylyň 13-nji fewraly.

№ PP-3555.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2002-nji ýylyň «13» fewral

çykaran № PP-3555 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Şu Düzgünnama arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň tugunyň (baýdagynyň) (mundan beýläk - Tug) şekili, reňki, möçberleri we nämeden ýasalýandygy baradaky talaplar (№ 1 we № 2 goşundylar) bellenilýär hem-de Tugy galdyrmak we indirmek (egmek) çärelerini geçirmegiň wagty, ýeri we tertibi kesgitlenilýär.

2. Tuguň matasy ýaşyl reňkde bolup, onuň ýüzünde nusgalara laýyklykda ak reňkdäki bäş ýyldyz bilen ýarymaý hem-de penjesinde iki kelleli ýylany saklaýan bäş kelleli altynsow-sary reňkdäki bürgüt şekillendirilendir, ol matalaryň aşakda görkezilen görnüşleriniň iki gatyndan ýasalyp bilner:

a) ýüpek (ýüzden 50) we ýüň (ýüzden 50);

b) ýüpek (ýüzden 50) we neýlon ýa-da poliester (ýüzden 50).

Tuguň laýyklyk güwänamasy bolmalydyr.

3. Tuguň reňkleriniň dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite atlasy (katalogy) - PANTONE, TEXTILE, 1992 ý. boýunça şu görkezijileri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 16 - 6240 TP boýunça;

sary reňk - 14 - 0955 TP boýunça;

gara reňk - 19 - 4205 TP boýunça.

4. Tuguň ýasalyşy (matasynyň biçilişi, tikilişi, sapyna berkitmegiň usullary) hem-de sapynyň teswiri «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» TDS 562-2000 döwlet standarty bilen bellenilen talaplara laýykdyr.

5. Tugy peýdalanmak onuň bolmalysy ýaly görnüşde saklanyp galýança mümkindir.

6. 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýerlerde Tugy galdyrmagyň wagty - 8 sagat 00 minut, indirmegiň wagty - 21 sagat 00 minut.

Şemal örän güýçli bolan howa şertlerinde Tug mümkin bolan zaýalanmagynyň öňüni almak üçin indirilip bilner.

7. Tug dikilen binalarda ony egmek ýatlama günlerinde - 12-nji ýanwarda, 8-nji maýda we 6-njy oktýabrda amala aşyrylýar.

8. Tug 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Pnezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynda sanalyp geçilen binalarda berkidilen baýdaksapylarynda galdyrylýar ýa-da binalaryň ýüz tarapyndaky tutawaçlarda ýerleşdirilýär, şunda Tuguň aşaky bölegi ýerden azyndan 2,5 metr belentlikde bolmalydyr.

9. Kemçilikler bolan Tugy peýdalanmak gadagandyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

tugy (baýdagy) hakyndaky

Düzgünnama

№ 1 goşundy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tugunyň (baýdagynyň)

ŞEKILI

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň tugunyň (baýdagynyň) (mundan beýläk - Tug) şekili, reňki, möçberleri we ýasalan matasy 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabryndanky «Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» TDS 562-2000 döwlet standartyna we şu Düzgünnama laýyk bolmalydyr.

2. Tug parçasy ýaşyl reňkdäki ýüpek matanyň iki gatyndan göniburçluk görnüşinde ýasalýar. Parçanyň Tuguň sapyna ýanaşyk gyrasynda ak reňkdäki zolak bar. Ak zolagyň aşaky etegine altynsow-sary reňkdäki üç gat ýüplükden örülen iki bagjyk berkidilýär. Möçberleri azyndan 1,5 m x 1,0 m bolan Tuguň sapyna berkidilýänden başga üç tarapyna altynsow-sary ýüpek seçegiň tikilmegine ýol berilýär.

3. Tuguň iki ýüzünde hem kelle we guýruk tarapynda kelleleri bolan iki kelleli ýylany penjesinde saklaýan bäş kelleli bürgüt bellenilen nusga laýyklykda şekillendirilendir. Şekiliň reňki umuman altynsow-sary, şekillendirilen zatlaryň we olaryň bölekleriniň daşky çyzyklarynyň, bürgüdiň boýunlarynyň we ýylanyň göwresindäki tegmilleriň reňki gara.

4. Bäş kelleli bürgüdiň şekili onuň daşky çyzyklary bilen galtaşýan, ugurdaş bolan we Tuguň gyralaryndan degişlilikde F, G, H aralykda ýerleşýän E1 we E2 taraplary bolan göniburçlukda ýerleşýär.

5. Tuguň ýokarky gyrasyndan we ak zolagyň içki gyrasyndan birmeňzeş bolan J aralykda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndaky ýaly ýarymaýyň we bäş sany bäşburç ýyldyzyň şekili ýerleşýär. Bu şekil I1, we I2 taraplary ýarymaýyň we ýyldyzlaryň çetki gyralaryna galtaşýan göniburçlykda ýerleşdirilendir.

6. Tuguň we onuň ýüzündäki ähli şekilleriň möçberleri Tuguň inine babarlykda bellenilen görkezijiler (№ 2 goşundy) arkaly beýan edilýär.