Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.11.2003 ý. çykaran № PP-3958 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 11, 439-njy madda)
Birleşen Milletler Guramasyna girýän 185 döwlet tarapyndan taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegi mähriban türkmen halkymyzyň Altyn asyrynyň polatdan berk tutulan binýadydyr, onuň müňýyllyklara uzap gitjek şöhratly taryhynyň, bagtyýar, abadan, parahat we jennet ýaly durmuşynyň ygtybarly kepilnamasydyr. Baky Bitaraplygymyz eziz diýarymyzyň ýaşlaryna - Altyn asyrymyzyň altyn nesillerine hiç wagt, hiç zaman hiç zatdan gorky-ürki etmän erkana ýaşamaga, bilim we ylym almaga, göwnüniň söýen hünärine eýe bolmaga, islendik ýerinde öz zehinlerini, ylhamlaryny hem-de başarnyklaryny halkymyzyň hyzmatyna goýmaga doly mümkinçilik berýär. Şonuň üçin baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz we onuň agzybir halky beýik Garaşsyzlyk zamanamyzyň iň ajaýyp, iň guwandyryjy we ruhlandyryjy ýeňşiniň parlak Bitaraplyk Tuguny asyrlardan asyrlara mynasyp alyp gitmegi ruhubelent ýigitlerine we gyzlaryna, talyp ýaşlaryna ynanýar.
Baky Bitaraplygymyzyň eziz diýarymyzyň talyp ýaşlarynyň durmuşyndaky iňňän möhüm ähmiýetini nazara alyp we Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň haýyşnamasyny, ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň isleglerini göz öňünde tutup, şeýle hem milli baýramymyz bolan Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Her ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde bellenilip geçilýän milli baýramymyz bolan Bitaraplyk gününde Türkmenistanyň Talyp ýaşlar gününi hem belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň 23-inde çykaran PP-1073 belgili «Türkmenistanda Talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda» Permanynyň güýjüni ýitiren hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2003-nji ýylyň 14-nji noýabry.
№ PP-3958.