Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 16.05.2003

Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Официальный текст по состоянию на 2003-05-16

Обновлено на портале · 14.08.2026

Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2003 ý. çykaran № PP-3861 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.11.2012 ý. çykaran № PP-6204 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 5, 190-njy madda)

Parahatçylykly döwürde Türkmenistanyň raýatlarynyň çagyryş boýunça harby gullugy geçmeginiň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

l. Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, özlerine ýöriteleşdirilen harby birikmeler berkidilen pudaklaýyn ministrlikler we dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Goranmak ministri R.Arazow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 16-njy maýy

№ PP-3861

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2003-nji ýylyň 16-njy maýynda

çykaran №РP-3861 Permany bilen

tassyklanyldy

Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda

DÜZGÜNNAMA

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.03.2005 ý. çykaran № PP-4238 Permany esasynda

girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

I. UMUMY DÜZGÜNLER

1. Şu Düzgünnama parahatçylykly döwürde Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde (şol sanda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde döredilen hem-de pudaklaýyn ministrliklere we dolandyryş edaralaryna berkidilen ýöriteleşdirilen harby birikmelerde), Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet goşunlarynda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynda (mundan beýläk- beýleki goşunlar), Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralarynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda döredilýän ýörite harby birikmelerde (mundan beýläk - harby birikmeler) çagyryş boýunça harby gullugy geçmeginiň tertibini kesgitleýär.

2. Çagyryş boýunça harby gullugy geçmek harby wezipä bellenilmegi, harby adyň dakylmagyny, hünär synagyndan geçmegi, harby gullukdan boşadylmagy, şeýle hem «Harby borç we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna we şu Düzgünnama laýyklykda harby gullukçylaryň gulluk-hukuk ýagdaýy kesgitlenilýän beýleki ýagdaýlary (wakalary) özünde jemleýär.

3. Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gulluk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna, şu Düzgünnama, Türkmenistanyň harby gulluk we harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy babatdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň bu babatdaky halkara şertnamalaryna laýyklykda geçilýär.

4. Harby gullukçylaryň aýry-aýry toparlarynyň çagyryş boýunça harby gullugy geçmeginiň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

Harby gullugy geçmek

5. Esgerler we seržantlar harby gullugy çagyryş boýunça geçýär.

6. Raýatlar harby gulluga çagyrylan mahaly şol raýat bilen çagyryş toparynyň başlygynyň (etrabyň (şäheriň) harby komissarynyň) arasynda ylalaşyk namasy (№1 goşundy) doldurylýar, onda şol raýatyň harby gullugy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ýa-da beýleki goşunlaryň haýsy görnüşinde, kysymynda, haýsy harby birikmede geçjekdigi kesgitlenýär.

Harby gullugyň başlanýan wagty, möhleti we tamamlanýan wagty

7. Gulluga çagyrylan raýatyň harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawyna goşulan güni onuň üçin harby gullugyň başlanan wagty hasaplanylýar.

8. Harby gullugyň möhleti:

a) çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar üçin - 24 aý;

b) gämilerde we söweşjeň üpjünçiligiň kenardaky bölümlerinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar üçin - 30 aý;

ç) ýokary bilimli we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar üçin - 18 aý bellenilýär.

Harby gullugyň möhleti harby gullugyň başlanan gününden hasaplanýar.

9. Harby gullukçylaryň harby gullukdan boşamagy, wepat bolmagy(ölmegi), dereksiz ýiten diýlip ykrar edilmegi ýa-da aradan çykan diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly harby bölümiň (şu ýerde we soňra harby bölümler diýlende Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby dolandyryş edaralary, harby bölümleri, gämileri, birikmeleri, kärhanalary, edaralary we guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde döredilen we pudaklaýyn ministrliklere hem-de dolandyryş edaralaryna berkidilen ýöriteleşdirilen harby birikmeler, beýleki goşunlar, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralary göz öňünde tutulýar) we harby birikmeleriň şahsy düzüminiň sanawyndan harby gullukçylaryň çykarylan güni harby gullugyň tamamlanan güni hasaplanylýar.

10. Harby gullugyň möhletine:

a) harby–düzediş bölüminde saklamagyň wagty;

b) tussag etmek görnüşinde düzgün-nyzam temmi çäresiniň çekilýän wagty;

ç) taşlap gidilmeginiň sebäplerine garamazdan, harby bölümi ýa-da harby gullugyň geçilýän ýerini idinsiz taşlap gidilen wagt girmeýär.

11. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň söweş hereketlerine gatnaşan bir güni, şeýle hem şol hereketlere gatnaşan wagty ýaralanmagy, seňselemegi, maýyp bolmagy ýa-da kesellemegi netijesinde bejeriş edaralarynda bolan bir güni çagyryş boýunça harby gullugyň iki güni diýlip hasaplanylýar.

II. HARBY WEZIPELERE BELLEMEGIŇ TERTIBI

Harby wezipelere bellemegiň tertibi

12. Wezipeli adamlaryň wezipe sanawy boýunça esger, seržant harby atlary göz öňünde tutulan harby wezipelere harby gullukçylary bellemek ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Goranmak ministri, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary belleýär.

Şahsy düzüm boýunça buýruklary çykarmaga hukugy bolan wezipeli adamlaryň sanawy Türkmenistanyň Goranmak ministri, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenilýär.

Ýokarda durýan wezipeli adamlar harby wezipä bellemek boýunça aşakda durýan wezipeli adamlara berlen şonuň ýaly hukukdan peýdalanýarlar.

13. Eger harby gullukçy şol harby wezipä bildirilýän talaba laýyk gelen mahaly, ol harby wezipä bellenilýär. Şunda harby gullukçynyň hünär taýýarlygynyň derejesi, onuň psihologik ukyplary, saglyk ýagdaýy we şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlar nazara alynýar.

14. Harby gullukçylaryň harby wezipelere bellenilmegi olaryň esasy ýa-da bir ugurly harby-hasaba alyş hünäri boýunça we gulluk işindäki tejribesini nazara alyp peýdalanylmagyny üpjün etmelidir.

Harby gullukçylary olar üçin täze harby-hasaba alyş hünäri boýunça wezipede peýdalanmak zerur bolanda olary şol wezipelere bellemekden öň adatça degişli gaýtadan taýýarlygy geçmek zerurdyr.

15. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň kesgitlän tertibine laýyklykda harby gullugy geçmegini dowam etmek üçin beýleki harby bölüme ýollanylyp ýa bolmasa gullukdan boşatmak üçin kanun arkaly bellenilen esaslar bar mahaly harby gullukdan boşadylyp bilner.

16. Harby wezipelere bellenilen mahaly şu şertler berjaý edilýär:

a) esgerleriň we seržantlaryň eýelemegine degişli harby wezipelere degişli düzümdäki harby gullukçylar bellenilýär. Şol harby wezipelere degişli düzümdäki harby gullukçylary bellemek mümkin bolmadyk mahaly şol wezipelere aşakda durýan düzümdäki harby gullukçylar Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň kesgitleýän tertibinde bellenilip bilner;

b) çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri we seržantlary harby wezipelere bellemegiň hem-de harby wezipelerden boşatmagyň aýratynlyklaryny Türkmenistanyň Goranmak ministri, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary kesgitleýär.

17. Harby gullukçyny harby wezipä bellemäge, harby wezipeden boşatmaga we serkerdäniň (başlygyň) ygtyýaryna geçirmäge degişli namalaryň görnüşini we mazmunyny, şeýle hem olary resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini Türkmenistanyň Goranmak ministri, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary belleýär.

III. HARBY GULLUKÇYLARY GEÇIRMEGIŇ, IŞ SAPARYNA IBERMEGIŇ WE HARBY GULLUGY DURUZMAGYŇ TERTIBI

Harby gullugyň geçilýän täze ýerine geçirmegiň tertibi

18. Harby gullukçy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň (beýleki goşunlaryň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralarynyň, harby birikmeleriň) çäklerinde bir harby bölümden beýleki harby bölüme harby gullugyň geçilýän täze ýerine geçirilip bilner.

19. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçy harby gullugyň geçilýän täze ýerine onuň razylygy soralmazdan geçirilýär.

20. Düzgün-nyzamy bozmagy, okuwa ýetişmeýändigi ýa-da okamak islemeýändigi üçin, şeýle hem harby gullugy geçmek hakynda borçnama bermekden ýüz dönderendigi üçin harby okuw mekdebinden çykarylan erkek harby gullukçylar şol okuw mekdebinden çykarylan pursatyna çenli 18 ýaşy dolan, çagyryş boýunça harby gullugyň bellenilen möhletini gulluk etmedik bolsa we harby gullukdan boşamaga, harby gulluga çagyrylmakdan boşadylmaga we çagyrylmagy gaýra goýmaga hukugy bolmasa, çagyryş boýunça harby gullugy geçmek üçin iberilýär.

21. Şu Düzgünnamanyň 20-nji bölüminde görkezilen harby gullukçylara:

a) harby okuw mekdebine okuwa girmeginden öň çagyryş boýunça harby gullugynyň möhleti;

b) harby okuw mekdebinde okan wagtynda harby gullugyň dowamlylygy görkezilen harby okuw mekdebiň birinji we ikinji okuw ýylynda harby gullugyň iki aýynyň çagyryş boýunça harby gullugyň bir aýyna; görkezilen harby okuw mekdebiniň üçünji we soňraky okuw ýyllarynda harby gullugyň üç aýyny çagyryş boýunça harby gullugyň bir aýyna hasaplap, çagyryş boýunça harby gullugyň möhletini kesgitlemek üçin hasaplanylýar.

22. Harby okuw mekdebinden çykarylan, 18 ýaşy dolmadyk erkek harby gullukçylar harby gullukdan boşadylýar we harby babatda hasaba alynmagy üçin harby komissarlyga iberilýär hem-de soňra umumy esaslarda harby gulluga çagyrylýar. Bu adamlar şu Düzgünnamanyň 20-nji bölüminde görkezilen esaslar boýunça boşan halatynda olara çagyryş boýunça harby gullugyň möhletine harby okuw mekdebindäki harby gullugyň iki aýyny çagyryş boýunça harby gullugyň bir aýyna hasaplap harby okuw mekdebinde okan wagtyndaky harby gullugy hasaplanylýar.

23. Şu Düzgünnamanyň 21-nji we 22-nji bölümlerinde görkezilen halatlarda harby gullukçylaryň harby gullugynyň umumy dowamlylygy harby gullugyň hakyky dowamlylygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

Harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden (kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerden ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan) kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklere ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine) geçirmegiň tertibi.

24. Harby gullukçylar harby gullugy geçmegi dowam etmek üçin:

a) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklere ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna;

b) kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerden ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerine;

ç) kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birinden kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň beýlekisine geçirilip bilner.

25. Harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden (kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerden ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan) kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklere ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň talaplary ýerine ýetirilen mahaly, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ylalaşmak boýunça geçirilýär.

26. Harby gullukçylary (seržantlary we esgerleri) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden (kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerden ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan) kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklere ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine) geçirmek degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan şeýle hukuk berlen wezipeli adamlaryň buýruklary (görkezmeleri) bilen resmileşdirilýär.

27. Harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden (kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerden ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan) kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tululan ministrliklere ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine) geçirilende olaryň hataryndan çykarylýar we özleriniň geçirilen ýeri bolan ministrlige ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasyna (Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine) kabul edilýär.

Şunda şol harby gullukçylar özleriniň geçirilen ýeri bolan ministrlige ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasyna (Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine) kabul edilen gününe çenli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde (olaryň gaýdýan ýeri bolan ministrlikde ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasynda) harby gullugy geçýän diýlip hasap edilýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde döredilen we pudaklaýyn ministrliklere hem-de dolandyryş edaralaryna berkidilen ýöriteleşdirilen harby birikmelerde harby gullugy geçmegiň aýratynlyklary

28. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde döredilen we pudaklaýyn ministrliklere hem-de dolandyryş edaralaryna berkidilen ýöriteleşdirilen harby birikmelerde harby gulluk Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen şol ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky şertnama (№2 goşundy) esasynda guralýar.

29. Şertnama Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň adyndan -ýöriteleşdirilen harby birikmäniň serkerdesi tarapyndan, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň adyndan - özlerine ýöriteleşdirilen harby birikmeler berkidilen birleşigiň (müdirligiň, kärhananyň we guramanyň) ýolbaşçylary tarapyndan baglaşylýar.

30. Şertnama ýöriteleşdirilen harby birikmeleriň we birleşikleriň (müdirlikleriň, kärhanalaryň we guramalaryň) özara gatnaşyklaryny hem-de borçlaryny kesgitleýär.

31. Ýöriteleşdirilen harby birikmeleriň boçlary:

goşunlaryň gullugyny guramak we oňa gözegçilik etmek, her aýda bir hepdäniň dowamynda ýerli birikmeleriň (harby bölümleriň) binýadynda umumygoşun hünärleri boýunça taýýarlyk geçmek;

harby birikmeleri şahsy düzüm bilen üpjün etmek;

tabşyrylan işleriň wagtynda we oňat hilli ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

iş orunlarynda zähmet howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilmegini guramak;

harby tertipnamalaryň talaplaryna laýyklykda şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy saklamak;

serişdeleri we iş gurallaryny niýetlenilişine görä peýdalanmak we olary abat ýagdaýda saklamak.

32. Birleşikleriň (müdirlikleriň, kärhanalaryň we guramalaryň) borçlary:

harby şäherçeleri döretmek, ýöriteleşdirilen harby birikmeleriň şahsy düzümini ýerleşdirmek üçin ýaşaýyş jaýlaryny bermek, şeýle hem harby tertipnamalaryň talaplaryna laýyklykda goşunlaryň gullugyny guramak üçin şertleri döretmek;

harby gullukçylaryň zähmetini rejeli peýdalanmak, işçi hünärlerini öwretmek we iş orunlarynda zähmet terbiýesini bermegi üpjün etmek, işçi hünäriniň alnandygy hakynda bellenilen nusgadaky şahadatnamalary bermek;

zähmeti guramak we işçi hünärlerini öwretmek boýunça hünärmenleri bellemek;

medeni we terbiýeçilik çärelerini, harby gullukçylaryň boş wagtyny peýdaly geçirmegini guramak;

harby gullukçylaryň işleriň möçberi, iş gurallary we enjamlary, olary iş ýerine we gaýdyşyn gatnatmak üçin ulag serişdeleri bilen üpjün etmek;

ýöriteleşdirilen harby birikmeleriň şahsy düzümini Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde ulanylýan ölçegler boýunça üpjünçiligiň ähli görnüşleri bilen üpjün etmek.

IV. HARBY ATLARY DAKMAGYŇ WE HARBY ATLARDA DIKELTMEGIŇ TERTIBI

Harby atlar

33. «Harby borç we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny arkaly harby gullukçylaryň şu düzümleri we harby atlary bellenildi:

Harby gullukçyklaryň düzümleri Harby atlar

Harby gullukçyklaryň düzümleri

Harby atlar

goşunlarda gämilerde

goşunlarda

gämilerde

Esgerler we matroslar esger (talyp) matros (talyp)

Seržantlar we kiçi seržant 2-nji derejeli starşina

starşinalar seržant 1-nji derejeli starşina

uly seržant baş starşina

starşina baş gämi starşinasy

34. Harby atlar we harby gullukçylaryň düzümleri boýunça ýokary derejelilik «esger» adyndan has ýokary ada çenli we «esgerler» düzüminden «seržantlar» düzümine çenli şu Düzgünnamanyň 3-nji bölüminde sanalyp geçilmeginiň yzygiderliligi bilen kesgitlenilýär.

35. Harby atlar harby gullukçylaryň hut özüne dakylýar.

Harby at ilkinji ýa-da nobatdaky bolup biler.

36. Harby atlary dakmaga hödürlemeleriň görnüşini we mazmunyny, beýleki resmi namalaryň we buýruklaryň görnüşlerini, şeýle hem olary resmileşdirmegiň we hödürlemegiň tertibini Türkmenistanyň Goranmak ministri, kanun arkaly özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary belleýär.

Ilkinji harby ady dakmagyň tertibi

37. Esger diýen harby at esgerler, seržantlar düzümi üçin ilkinji harby at bolup durýar.

38. Esger harby ady:

a) harby ady bolmadyk, harby gulluga çagyrylan raýata - harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawyna goşulan mahaly;

b) harby ady bolmadyk we ätiýaçdaky düzüme girizilen raýata-ätiýaçdaky düzüme girizilen mahaly;

ç) harby ady bolmadyk, we borçnama boýunça harby gulluga giren raýata - harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawyna goşulan mahaly;

d) harby ady bolmadyk, harby okuw mekdebine kabul edilen raýata - şol okuw mekdebine kabul edilen mahaly dakylýar.

Nobatdaky harby ady dakmagyň tertibi

39. Nobatdaky harby at harby gullukça, eger ol munuň üçin wezipe sanawy arkaly harby gullukça dakylýan harby ada deň ýa-da has ýokary harby at göz öňünde tutulan harby wezipäni eýeleýän bolsa, onuň öňki harby adyndaky harby gullugyndaky möhleti tamamlanda dakylýar.

40. Şu harby atlarda harby gullugy geçmegiň şu möhletleri bellenilýär:

esger - üç aý;

kiçi seržant-üç aý;

seržant-üç aý.

41. Dakylan harby atda harby gullukçynyň harby gullugynyň möhleti harby adyň dakylan gününden başlap hasaplanylýar.

42. Kiçi seržant harby ady özi üçin wezipe sanawy boýunça kiçi seržant we şondan ýokary harby atlar göz öňünde tutulan harby wezipäni eýeleýän esger öňki harby atda onuň harby gullugynyň möhleti tamamlananda, şeýle hem okuw harby bölüminde seržantlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça okuwy üstünlikli tamamlan harby gullukçylara dakylýar.

Wezipeli adamlaryň harby atlary dakmak boýunça borçlary

43. Harby gullukçylara harby atlar:

a) uly seržanta çenli - birikmeleriň serkerdeleri tarapyndan;

b) seržanta çenli - harby bölümleriň serkerdeleri tarapyndan dakylýar.

44. Wezipeli adamlaryň özleriniň göni tabynlygyndaky harby gullukçylara harby atlary dakmaga hukugy bardyr.

Ýokarda durýan wezipeli adamlar harby atlary dakmak boýunça aşakda durýan serkerdelere (başlyklara) berilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar.

Ätiýaçdaky düzümdäki raýatlara harby atlary dakmagyň tertibi

45. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň atiýaçdaky düzüminde bolýan raýatlara nobatdaky harby atlar diňe şol raýatlar ätiýaçdaky düzümde bolýan wagtynda iki gezekden köp bolmazdan harby ýygnanyşyklary geçenden we olar bilim synagyndan geçenden soň dakylyp bilner:

esgere, seržanta:

seržant harby adyna çenli - harby ýygnanyşyklara ýolbaşçylyk eden wezipeli adamyň hödürlemegi boýunça etrabyň, şäheriň harby komissary tarapyndan;

uly seržant harby adyna çenli - etrabyň, şäheriň harby komissarynyň we harby ýygnanyşyklara ýolbaşçylyk eden wezipeli adamyň hödürlemegi boýunça welaýatyň, Aşgabat şäheriniň harby komissary tarapyndan.

46. Harby atdan mahrum edilen raýata harby komissar şol bir wagtyň özünde harby babatda hasapda almak bilen, esger harby adyny dakýar.

Harby atda dikeltmegiň tertibi

47. Harby atdan mahrum edilen raýatyň öňki harby ady ony harby atdan mahrum eden wezipeli adam tarapyndan raýatyň haýyşy boýunça etrabyň, şäheriň harby komissarynyň oňyn seslenmesi we welaýatyň, Aşgabat şäheriniň harby komissarynyň çözgüdi bar mahaly dikeldilip bilner.

48. Raýatyň harby atda dikeldilmegi hakyndaky arzasyna harby komissar şol arza harby komissarlyga gelip gowşan günden başlap bir aý möhletden gijä galman garaýar.

Raýaty öňki harby atda dikeltmek üçin esaslar bar mahaly harby komissar raýatyň harby adyny dikeltmek baradaky hödürlemäni resmileşdirýär.

Raýatyň harby ady ony dakmagyň tertibinde dikeldilýär.

49. Kazyýetiň çözgüdi boýunça harby atdan mahrum edilen raýat iş kesilenlik aýby kazyýet tarapyndan aýyrlanyndan ýa-da jeza çekilenden soň Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň oňyn seslenmesi bar mahaly şu Düzgünnamanyň 45-nji we 46-njy bölümlerinde göz öňünde tutulan tertipde öňki harby atda dikeldilip bilner.

50. Bikanun iş kesilmegi bilen baglanyşykly harby atdan mahrum edilen raýat aklanylmagy hakyndaky çözgüt güýje girenden soň onuň harby atdan mahrum edilen gününden başlap öňki harby ady dikeldilýär.

Harby atda dikeldilen raýat dikeldilen harby adyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly bellenelen hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýar.

V. HARBY GULLUKDAN BOŞATMAGYŇ TERTIBI

Harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we olary harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawlaryndan çykarmagyň tertibi

51. «Harby borç we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (soňra şu bapda Türkmenistanyň Kanuny diýlip atlandyrylýar) laýyklykda:

a) eger harby gullukçy boşadylan pursatyna çenli ätiýaçdaky düzümde bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmedik bolsa we saglyk ýagdaýyna görä harby gulluga ýaramly bolsa ol ätiýaçdaky düzüme geçirilýär;

b) eger harby gullukçy boşadylan pursatyna çenli ätiýaçdaky düzümde bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýeten bolsa we saglyk ýagdaýyna görä harby-lukmançylyk topary tarapyndan harby gulluga ýaramsyz diýlip ykrar edilen bolsa ol harby borçly dälleriň hataryna geçirilýär;

ç) eger harby gullukça azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresi bellenilen bolsa ol harby gullukdan boşadylýar.

52. Harby gullukçylar harby gullukdan Türkmenistanyň Kanunynyň 46-njy maddasynda göz öňünde tutulan esaslaryň biri boýunça şu bölüme laýyklykda, adatça, degişli serkerdeleriň (başlyklaryň) ygtyýaryna geçirilmezden, harby gullukçynyň eýeleýän harby wezipesinden boşadylýar.

Şunda harby gullukçy harby gullugyň möhletiniň tamamlanmagy boýunça ýa-da möhletinden öň harby gullukdan boşadylýar.

53. Harby gullukçy:

a) harby-lukmançylyk topar tarapyndan harby gulluga ýaramsyz diýlip ykrar edilmegi netijesinde (Türkmenistanyň Kanunynyň 46-njy maddasynyň l-nji bölüminiň «b» kiçi bölümi) - saglyk ýagdaýy boýunça;

b) çagyryş boýunça harby gullugyň möhletiniň geçmegi boýunça (Türkmenistanyň Kanunynyň 46-njy maddasynyň l-nji bölüminiň «ç» kiçi bölümi) - gullukdan boşatmak üçin beýleki esaslar bolmadyk ýagdaýda çagyryş boýunça harby gullugyň möhleti geçen mahaly;

ç) özi barada azatlykdan mahrum etmek görnüşinde temmi çäresi bellenilende (Türkmenistanyň Kanunynyň 46-njy maddasynyň l-nji bölüminiň «e» kiçi bölümi) - oňa azatlykdan mahrum etmek görnüşinde temmi çäresini bellemek hakynda kazyýetiň hökümi kanuny güýje giren mahaly harby gullukdan boşadylmaga degişlidir.

54. Ofíser harby ady bolmadyk we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçynyň onda Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň 2-nji bölüminde we 17-nji maddasynyň l-nji bölüminiň «b», «ç», «d» we «e» kiçi bölümlerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykan mahaly harby gullukdan möhletinden öň boşamaga hukugy bardyr.

55. Harby gullukdan boşatmak harby gullukçylary harby wezipä bellemek boýunça özlerine berlen hukuklara laýyklykda wezipeli adamlar tarapyndan geçirilýär.

56. Harby gullukçylary harby gullukdan boşatmaga hukugy bolan wezipeli adamlar şol hukukdan diňe özleriniň göni tabynlygynda bolan harby gullukçylar babatda peýdalanyp bilerler.

57. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralarynyň wezipeli adamlarynyň harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak baradaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri belleýär.

58. Harby gullukçyny harby gullukdan boşamaga hödürlemegiň we degişli namalary resmileşdirmegiň tertibini Türkmenistanyň Goranmak ministri, özlerinde kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary kesgitleýär.

59. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän döwründe berlen borçnama boýunça harby gulluga giren harby gullukçy çagyryş boýunça harby gullugyň onuň üçin bellenilen möhleti tamamlanýança harby gullukdan möhletinden öň boşadylyp bilinmez, Türkmenistanyň Kanunynyň 46-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň «b», «d» we «e» kiçi bölümlerinde hem-de 4-nji bölüminde göz öňünde tutulan esaslar muňa girmeýär.

Şol harby gullukçynyň harby gullugynyň möhleti hasaplanylan mahaly çagyryş boýunça harby gullugyň möhleti we borçnama boýunça harby gullugyň möhleti Türkmenistanyň Kanuny hem-de şu Düzgünnama arkaly kesgitlenilýän tertipde jemlenilip hasaba alynýar.

60. Harby gulluk harby gullukdan boşadylmagy, wepat bolmagy (ölmegi), dereksiz ýiten diýlip ykrar edilmegi ýa-da aradan çykan diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly harby gullukçy harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawyndan çykarylan güni tamamlanýar.

61. Ölen (wepat bolan) harby gullukçy ölen ýa-da wepat bolan gününden soňky günden başlap, bellenilen tertipde dereksiz ýiten diýlip ykrar edilen ýa-da aradan çykan diýlip yglan edilen harby gullukçy bolsa kazyýetiň degişli çözgüdi kanuny güýje giren gününden soňky günden başlap harby bölümiň şahsy düzüminiň sanawyndan çykarylýar.

62. Jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge ýa-da harby atdan mahrum etmäge iş kesilen harby gullukçy kazyýetiň höküminde görkezilen jeza çäresini çekip başlan gününden başlap degişli esas boýunça harby gullukdan boşadylýar.

Çagyryş boýunça harby gullugy

geçmegiň tertibi hakyndaky

Düzgünnama

№1 goşundy

Harby gulluga çagyrylýan raýatyň we_______________ welaýatyň__________

etrabynyň (şäheriniň) harby komissarynyň arasyndaky

YLALAŞYK NAMASY

Familiýasy, ady, atasynyň ady________________________________________

Doglan senesi we ýeri_______________________________________________

Öý salgysy________________________________________________________

________________________________________________________________

Bilimi___________________________________________________________

Hünäri___________________________________________________________

Çagyryş toparynyň lukmanlarynyň saglyk ýagdaýy hakynda gelen netijeleri____

________________________________________________________________

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Harby komissaryň teklipleri__________________________________________

___________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Gulluga çagyrylýanyň arzuw-islegi___________________________________

___________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Gutaranykly çözgüt:________________________________________________

________________________________________________________________

Bellik: Ylalaşyk namasy harby gulluga taýýarlyk görülýän, çagyrylýan we gulluk geçilýän döwürde harby komissarlyklaryň, harby bölümleriň we raýatlaryň boçlary bilen tanyşylandan soň düzülýär.

____________________________ ________________________________

_______________________ ____________________________

Raýatyň goly Harby komissaryň goly

Senesi Gerbli möhür

HARBY GULLUGA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄN, ÇAGYRYLÝAN WE GULLUK GEÇILÝÄN DÖWÜRDE HARBY KOMISSARLYKLARYŇ, HARBY BÖLÜMLERIŇ WE RAÝATLARYŇ BORÇLARY

1. Harby komissarlyklaryň borçlary:

goşunlara ibermek maksady bilen raýatlary çakylyk haty boýunça çagyrmak;

saglyk ýagdaýyny kesgitlemek;

ruhy-psihologik aýratynlyklaryny öwrenmek;

umumybilim we beden taýýarlygynyň derejesini kesgitlemek (anyklamak);

raýatlaryň harby gullugy geçmek boýunça arzuw-isleglerini öwrenmek raýatlaryň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlaryň ýa-da beýleki goşunlaryň görnüşlerine, kysymlaryna çagyrmak hakynda çözgüdi kabul etmek

we bu çözgüdi ýerine ýetirmek;

Türkmenistanyň Jenaýat jemkanunynyň harby gulluga degişli maddalaryny düşündirmek.

2. Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň borçlary:

harby komissarlyklaryň çakylyk hatlary boýunça gelmek;

çagyryş toparyndan geçmek;

harby komissarlygyň çagyryş toparynyň göndermesi boýunça bejeriş edarasynda gatnamak bilen we ýatymlyk barlaglary (bejerişi) geçmek;

çagyryş boýunça harby gullugy geçmek;

harby tertipnamalaryň talaplaryna laýyklykda wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek;

serkerdeleriň buýruklaryny (buýurmalaryny) ýerine ýetirmek.

3.Harby bölümiň borçlary:

harby gulluga çagyrylýan raýatlary dabaraly ýagdaýda guramaçylykly kabul etmek;

harby gulluga çagyrylan we harby gullugy geçmek üçin harby bölüme gelen raýatlary olaryň ruhy-psihologik aýratynlyklaryny, bilimini, saglyk ýagdaýyny, beden taýýarlygyny, harby-enjamlaýyn we raýat hünärlerini nazara almak bilen, harby wezipeler boýunça paýlamak;

harby gulluga çagyrylan raýatlaryň degişli zatlar bilen doly üpjün edilmegi barada gündelik alada etmek;

söweşjeň we syýasy taýýarlygyň maglumatlarynyň oňat hilli özleşdirilmegi üçin şertleri döretmek;

çagyryş boýunça harby gullukçylara halk hojalygynyň toplumy üçin zerur bolan dürli hünärleri özleşdirmekde ýardam etmek;

medeniýet, sungat, din wekilleriniň, ýaşlar, weteranlar we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen medeni-köpçülik çärelerini guramak hem-de geçirmek.

Çagyryş boýunça harby gullugy

geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnama

№ 2 goşundy

ŞERTNAMA

(mysaly nusga)

2003.01.30. Aşgabat şäheri

«Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň «Garagumderýaabatlaýyş» önümçilik müdirligi (mundan beýläk - Gurama) hakyndaky Düzgünnama laýyklykda şol müdirligiň ýolbaşçysy O.Baýramow bir tarapdan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Ýöriteleşdirilen harby birikmeler müdirligine tabyn bolan 60313-nji harby bölümiň (mundan beýläk - Harby bölüm) serkerdesi B.Gurbanow beýleki tarapdan şu şertnamany düzdüler we oňa gol çekdiler.

1. Şertnamanyň maksady

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 10-ynda çykaran № 5913 kararyny ýerine ýetirmek boýunça Taraplaryň borçlaryny takyklamak.

2. Taraplaryň borçlary

1.Guramanyň borçlary:

harby şäherçeleri döretmek, ýöriteleşdirilen harby birikmeleriň şahsy düzümini ýerleşdirmek üçin ýaşaýyş jaýlaryny bermek, şeýle hem harby tertipnamalaryň talaplaryna laýyklykda goşunlaryň gullugyny guramak üçin şertleri döretmek;

harby gullukçylaryň zähmetini rejeli peýdalanmak, işçi hünärlerini öwretmek we iş orunlarynda zähmet terbiýesini bermegi üpjün etmek, işçi hünäriniň alnandygy hakynda bellenilen nusgadaky şahadatnamalary bermek;

zähmeti guramak we işçi hünärlerini öwretmek boýunça hünärmenleri bellemek;

medeni we terbiýeçilik çärelerini, harby gullukçylaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmegini guramak;

harby gullukçylary işleriň möçberi, iş gurallary we enjamlary, iş ýerine we gaýdyşyn gatnatmak üçin ulag serişdeleri bilen üpjün etmek;

ýöriteleşdirilen harby birikmeleriň şahsy düzümini Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde ulanylýan ölçegler boýunça üpjünçiligiň ähli görnüşleri bilen üpjün etmek.

2. Harby bölümiň borçlary:

goşunlaryň gullugyny guramak we oňa gözegçilik etmek, her aýyň bir hepdesiniň dowamynda ýerli birikmeleriň (harby bölümleriň) binýadynda umumygoşun hünärleri boýunça taýýarlygy amala aşyrmak;

harby birikmeleri şahsy düzüm bilen üpjün etmek;

tabşyrylan işiň wagtynda we oňat hilli ýerine ýetirilmegine, iş orunlarynda zähmet howpsuzly kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

harby tertipnamalaryň talaplaryna laýyklykda şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy saklamak;

serişdeleri we iş gurallaryny niýetlenilişi ýaly peýdalanmak we olary abat ýagdaýynda saklamak.

3. Özara gatnaşyklar

Berlen harby gullukçylara işçi güýji hökmünde Harby bölüm we Gurama tarapyndan hersinden bir jogapkär adam bellenilýär. Harby bölümiň bellän jogapkär adamy şahsy düzüm we tabşyrylan işleriň ýerine ýetirilmegi üçin, Guramanyň bellän jogapkär adamy bolsa - işleriň guralyşy üçin jogap berýär.

Gurama tarapyndan maddy serişdeleriň berilmegini Harby bölümiň ýüztutmalary boýunça Guramanyň maddy taýdan jogapkär adamy amala aşyrýar. Harby bölüm maddy serişdeleri we azyk önümlerini almak, alnan serişdeleri dogry hem-de tygşytly peýdalanmak we maddy serişdeleriň hem-de azyk önümleriniň harçlanyşy hakynda Gurama her aýlyk hasabatlary bermek boýunça maddy taýdan jogapkär adamy belleýär. Harby bölüm hasabatlary her aýyň soňky gününde bermelidir.

4. Aýratyn şertler

Şu şertnama 2 nusgada düzüldi, özi-de her bir nusganyň birmeňzeş hukuk güýji bar.

Şertnama boýunça jedelli meseleler ýüze çykan halatda Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 10-ynda çykaran № 5913 kararyny we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryny goldanýarlar.

5. Taraplaryň salgysy

Gurama Harby bölüm

Aşgabat şäheri, P.Nurberdi köçesi, 21 Aşgabat şäheri,

«Garagumderýasuwhojalyk» Şewçenko köçesi, 37

birleşiginiň «Garagumderýaabatlaýyş» 60213-nji harby

önümçilik birleşiginiň başlygy bölümiň serkerdesi

O.Baýramow______________ kapitan B. Gurbanow______________

(goly, möhür) (goly, möhür)