Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.05.2003

Türkmenistanda pensiýalaryň we döwlet hemaýat pullarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2003-05-07

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanda pensiýalaryň we döwlet hemaýat pullarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 07.05.2003 ý. çykaran № PP-3856 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.03.2007 ý. çykaran № PP-4716 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda pensiýalaryň we döwlet hemaýat pullarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 5, 186-njy madda)

(Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23.10.2004 ý. çykaran № KHM-45 karary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini nazara alyp we "Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry" Milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1-2-nji bölümleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23.10.2004 ý. çykaran № KHM-45 karary esasynda güýjüni ýitiren hasap edilen.

3. Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi:

3-nji bölümiň 2-nji bendi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23.10.2004 ý. çykaran № KHM-45 karary esasynda güýjüni ýitiren hasap edilen;

täze bellenilýän döwlet hemaýat pullaryny 500 müň manada barabar binýatlyk möçberden ugur alyp hasaplamaly.

4. Ätiýaçlandyryş pensiýa gatançlaryny raýatyň öz seçip almasy boýunça Türkmemstanyň islendik döwlet täjirçilik bankynda açylýan atly pensiýa hasabyna geçirmeli;

raýatlaryň pensiýa toplamalaryna maýa goýum girdejisini Türkmenistanyň degişli döwlet täjirçilik banklary her aýda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaýtadan maliýeleşdirmek üçin belleýän töleginiň möçberlerinden pes bolmadyk möçberde geçirmeli.

5. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

6. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary D.Aýdogdyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2003-nji ýylyň 7-nji maýy.

№ PP-3856.