Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 20.03.2007

Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy we ölçegi bellemek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2007-03-20

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy we ölçegi bellemek hakynda

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap - Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.03.2007 ý. çykaran № PP-4716 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 26.09.2008 ý. çykaran № PP-5180 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy we ölçegi bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 3, 194-nji madda)

«Durmuş taýdan üpjünçilik hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly hem-de durmuş taýdan üpjünçilik babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Pensiýanyň iň az möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 500 müň manat möçberde;

zähmet pensiýasynyň we maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň ölçegini bir göterim möçberde bellemeli.

2. Şulary güýjüni ýitiren hasap etmeli:

«Graždanlaryň aýry-aýry kategoriýalary üçin ýeňillikler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 6-synda çykaran 1226-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1994-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 2002-nji maddasy);

«Pensiýalaryň möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň Baýdak aýynyň 18-inde çykaran 2471-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1998-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 7068-nji maddasy);

«Döwlet hemaýat pullarynyň iň ýokary möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-inde çykaran 3066-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 143-nji maddasy);

«Türkmenistanda pensiýalaryň we döwlet hemaýat pullarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 7-sinde çykaran 3856-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 186-njy maddasy);

«Türkmenistanda pensiýa üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň Gorkut aýynyň 21-inde çykaran 3781-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1998-nji ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 7361-nji maddasy) 14-nji bölüminiň altynjy, dokuzynjy we on birinji bentlerini;

«Türkmenistanyň durmuş taýdan üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 27-sinde çykaran 7744-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2006-njy ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 737-nji maddasy) 1-nji bölüminiň dördünji bendini.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2007-nji ýylyň 20-nji marty

№ PP-4716