Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 09.07.2010

Türkmenistanda zähmet haklaryny zähmet şertlerine laýyklykda köpeltmek hem-de pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2010-07-09

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanda zähmet haklaryny zähmet şertlerine laýyklykda köpeltmek hem-de pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap - Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.07.2010 ý. çykaran № PP-5624 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.07.2011 ý. çykaran № PP-5802 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda zähmet haklaryny zähmet şertlerine laýyklykda köpeltmek hem-de pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2010 ý., № 7, 914-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zähmete hak tölemegi tertipleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini zähmet şertlerine laýyklykda köpeltmeli;

zähmet pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly;

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 350 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

2. 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

zähmet pensiýalarynyň iň ýokary möçberini aýda 585 manat möçberde;

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 574 manat, iň ýokary möçberini 766 manat möçberde;

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 702 manat möçberde;

zähmet pensiýasynyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk zähmet hakyny 746 manat möçberde;

pensiýanyň iň az möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 133 manat möçberde;

zähmet pensiýasynyň we maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň ölçegini 1 göterim möçberde bellemeli.

3. 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem olaryň esasy düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1-6-njy goşundylara laýyklykda tassyklamaly (goşulýar);

edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklaryny degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet hakynyň 80 göteriminden 85 göterimine çenli möçberde bellemeli.

4. Zähmet haklarynyň möçberlerini zähmet şertlerine laýyklykda ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

5. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi üç aý möhletde:

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň merkezi edaralarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň çyzgydyny;

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň tabynlygyndaky düzüm birlikleriniň işgärlerine kärleri boýunça hak tölemegiň möçberlerini kesgitleýän aýlyk tarif stawkalaryny we olaryň aýlyk zähmet haklaryny işläp düzmeli hem-de bellenen tertipde tassyklamaly.

6. 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

«Türkmenistanda iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 5475-nji Permanyny;

«Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeýle hem tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň möçberini köpeltmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 5587-nji Permanyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 3174-nji buýrugyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 30-njy awgustynda çykaran 3338-nji buýrugyny güýjüni ýitiren hasap etmeli.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministri we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 09-njy iýuly

№ PP-5624