Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we ýatlama günleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.10.2014 ý. çykaran № PP-6640 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.10.2017 ý. çykaran № PP-204 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we ýatlama günleri hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý., № 10, 3351-nji madda)
Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we ýatlama günlerini düzgünleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse), şu aşakdaky baýramçylyk we ýatlama günleri bellenilýär:
1) Watan goragçylarynyň güni - 27-nji ýanwar;
2) Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni - 18-nji fewral;
3) Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni – 7-nji mart;
4) Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni - 31-nji mart;
5) «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramy - aprel aýynyň birinji ýekşenbesi;
6) Bütindünýä saglyk güni - 7-nji aprel;
7) Türkmen bedewiniň baýramy - aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;
8) Aşgabat şäheriniň güni - 25-nji maý;
9) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni - 29-njy maý;
10) Türkmen halysynyň baýramy - maý aýynyň soňky ýekşenbesi;
11) Çagalary goramagyň halkara güni - 1-nji iýun;
12) Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni - 5-nji iýun;
13) Dokma senagatynyň işgärleriniň güni - iýun aýynyň birinji ýekşenbesi;
14) Ylymlar güni – 12-nji iýun;
15) Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni - 18-nji iýun;
16) Medeniýet we sungat işgärleriniň güni - 27-nji iýun;
17) Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni – 5-nji iýul;
18) Galla baýramy - iýul aýynyň üçünji ýekşenbesi;
19) Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni - 21-nji iýul;
20) Serhetçiler güni - 11-nji awgust;
21) Türkmen gawunynyň güni - awgust aýynyň ikinji ýekşenbesi;
22) Bilimler we talyp ýaşlar güni - 1-nji sentýabr;
23) Ýaşulularyň halkara güni - 1-nji oktýabr;
24) Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni – 9-njy oktýabr;
25) Hasyl toýy - noýabr aýynyň soňky ýekşenbesi;
26) Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni - 3-nji dekabr;
27) Goňşokara baýramy - dekabr aýynyň birinji ýekşenbesi;
28) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni - 14-nji dekabr;
29) Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni - 21-nji dekabr.
2. Şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen baýramçylyk gününiň biriniň senesi beýleki bir baýramçylyk gününiň senesi bilen gabat gelen halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen baýramçylygyň birini bellenilmegi başga güne geçirilip bilner.
.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 05-nji oktýabry
№ PP-6640