Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 05.07.2017

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 6640-njy Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2017-07-05

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 6640-njy Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.07.2017 ý. çykaran № PP-146 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.10.2017 ý. çykaran № PP-204 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 6640-njy Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017 ý., № 6-7, 270-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

«Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we ýatlama günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 6640-njy Permanynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2014-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 3351-nji maddasy):

1-nji bölüminde:

2-nji bendinden soň şu mazmunly 3-4-nji bentleri goşmaly:

«3) Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni – 7-nji mart;

4) Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni - 31-nji mart;»;

12-nji bendinden soň şu mazmunly 13-nji bendi goşmaly:

«13) Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni - 18-nji iýun;»;

13-nji bendinden soň şu mazmunly 14-nji bendi goşmaly:

«14) Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni – 5-nji iýul;»;

23-nji bendini güýjüni ýitiren hasap etmeli;

3-26-njy bentleri degişlilikde 5-29-njy bentler diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 05-nji iýuly.

№ PP-146