Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 17.03.2017

Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2017-03-17

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 17.03.2017 ý. çykaran № PP-74 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.03.2019 ý. çykaran № PP-491 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 3, 127-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.03.2018 ý. çykaran № PP-321 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli pudaklary, şol sanda ulaglar we aragatnaşyk toplumy hem çalt depginler bilen ösýär. Garaşsyz Watanymyzy yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda ulaglar we aragatnaşyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ilatymyza edilýän ulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň mart aýynyň soňky şenbesinde belläp geçmeli.

2. Ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. «Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 6709-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2015-nji ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 3495-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 17-nji marty.

№ PP-74.