Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 24.03.2011

Türkmenistanyň Tokaý kodeksi

Последний известный официальный текст до 2011-03-25

Обновлено на портале · 12.08.2026

Türkmenistanyň Tokaý kodeksi



2011-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap Türkmenistanyň Tokaý kodeksi Türkmenistanyň 2011-nji ýylyň 25-nji martyndaky № 166-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitirýär.

TÜRKMENISTANYŇ TOKAÝ

HAKYNDAKY KODEKSI

Şu Kodeks Türkmenistanda tokaý baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de tokaýlary netijeli peýdalanmak, olary üznüksiz köpeldip durmak, abat saklamak we goramak, Türkmenistanyň ekologik hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin şert döretmäge gönükdirilendir.

1 bölüm

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Tokaýlar Türkmenistanyň milli baýlygydyr

Tokaýlar Türkmenistanyň milli baýlygydyr, tebigaty ekologiki taýdan bir kadaly ýagdaýda saklamagyň möhüm çeşmesidir hem-de olar büs-bütin döwletiň eýeçiliginde durýar.

2-nji madda. Türkmenistanyň tokaý hakyndaky kanunlary

Türkmenistanda tokaý baradaky gatnaşyklar şu Kodeks bilen hem-de Türkmenistanyň şoňa laýyklykda kabul edilýän beýleki kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.

Ýer, dag-magdan we suw baradaky gatnaşyklar, ösümlik (tokaýlardan başga) hem-de haýwanat dünýäsini, atmosfera howasyny goramak we olardan peýdalanmak baradaky gatnaşyklar Türkmenistanyň ýörite kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.

3-nji madda. Döwlet tokaý fondy

Türkmenistanda tutuş hemme tokaýlar döwletiň tokaý fonduny emele getirýär.

Döwlet tokaý fonduna:

döwlet tokaý hojalyk organlarynyň ygtyýaryna berlen döwlet ähmiýetli tokaýlar, şäher tokaýlary;

kolhoz tokaýlary, ýagny kolhozlara hemişelik peýdalanmak üçin berlen ýerlerdäki tokaýlar;

zapas ýerlerdäki tokaýlar girýär.

4-nji madda. Döwlet tokaý fondunyň ýerleri

Tokaý bilen örtülen ýerler (aýratyn goralýan tebigy territoriýalaryň ýerleri muňa girmeýär), şeýle hem tokaý bilen örtülmedik, ýöne tokaý hojalygynyň hajatlary üçin niýetlenen ýerler döwlet tokaý fondunyň ýerleri hasaplanýar.

Döwlet tokaý fondunyň ýerleri öz gezeginde aşakdaky ýerlere bölünýär:

iri we gyrymsy tokaý agaç ösümlikleri bilen örtülen tokaýly ýerler, şeýle hem iri we gyrymsy tokaý agaç ösümlikleri bilen örtülmedik, ýöne tokaýlary dikeltmek-köpeldip durmak üçin niýetlenen tokaýly ýerler;

tokaýsyz ýerler (tokaýlaryň içindäki boş zolaklar, ýollar, ýangyna garşy göreşmek üçin niýetlenen açyklyk, ot ýatyrylýan ýerler we başgalar).

Tokaýly ýerleri tokaý hojalygyny ýöretmek bilen baglanyşygy bolmadyk maksat üçin ulanmakdan ötri tokaýsyz ýerlere geçirmek hem-de tokaýdan peýdalanmak işi aýratyn halatlarda, Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

Tokaýly ýerler döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin alynjak bolnanda şol ýer uçastoklaryny almak hakynda karar çykarýan ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary şonuň bilen bir wagtda tokaýyň agaçlaryny saklap galmak ýa-da çapmakhakyndaky hem-de çapylan agaçlary peýdalanmagyň tertibi hakyndaky meseläni hem çözýärler.

5-nji madda. Tokaýlary toparlara bölmegiň esasy prinsipleri

Tokaýlaryň halk hojalyk ähmiýetine, olaryň ýerleşýän ýerine hem-de ekologik, sosial we çig mal taýdan tutýan ornuna baglylykda, olar üç topara bölünýär.

Birinji topara aşakdaky gorag kategoriýaly tokaýlar degişlidir:

suw gorag tokaýlary (derýalaryň, kölleriň, kanallaryň, suw howdanlarynyň kenarýaka gadagan zolaklary);

meýdan gorag tokaýlary (suwarymly ýerlerdäki agrotehniki-tokaý melioratiw zolaklar, eroziýa garşy göreş tokaýlary, demirýollaryň we awtomobil ýollaryň gyrasyndaky gorag zolaklary, çöl we dag tokaýlary);

sanitariýa-gigiýena we sagaldyş tokaýlary (tokaý parklary, sanatorileriň, kurortlaryň we dynç alyş zolaklarynyň töweregindäki tokaýlar).

Birinji topara aýratyn goralýan tebigy territoriýalar hem girýär.

Ikinji topara ilaty gür raýonlardaky gorag hem-de çäkli ulanyş ähmiýeti bolan tokaýlar girýär.

Üçünji topara esasan ulanyş ähmiýeti bolan hem-de halk hojalygynyň agaja bolan isleg-talabyny şol tokaýlaryň gorag häsiýetlerine zyýan ýetirmän yzygiderli kanagatlandyrmak üçin niýetlenen tokaýlar girýär.

Ähli topara degişli tokaýlarda tokaýdan peýdalanmak düzgüni (režimi) çäklendirilen aýratyn gorag uçastoklary bellenilip bilner.

6-njy madda. Döwlet tokaý fonduna eýelik etmek

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklary tokaý hojalygyny ýöretmek üçin döwlet tokaý hojalyk kärhanalarynyň, tokaý, okuw we tejribe hojalyklarynyň, kolhozlaryň, sowhozlaryň hem-de gaýry oba hojalyk kärhanalarynyň eýelik etmegine berilýär.

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryny ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenilýän tertipde eýelik etmäge berýärler.

7-nji madda. Döwlet tokaý fonduny peýdalanmaga bermek

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklary şu Kodeksiň 20-nji maddasynda göz öňünde tutulan maksatlar üçin peýdalanmaga birleşiklere, kärhanalara we guramalara (olaryň nirä tabyndyklaryna hem haýsy eýeçilik formasyna degişlidiginegaramazdan), graždanlara, şeýle hem daşary ýurtlaryň ýuridiki we fiziki taraplaryna berilýär.

8- nji madda. Tokaý hojalygyny ýöretmek hem-de tokaýdan peýdalanmak bilen baglanyşygy bolmadyk işleri geçirmegiň tertibi

Döwlet tokaý fonduna degişli tokaýdarda we tokaý bilen örtülmedik, meýdanlarda tokaý hojalygyny ýöretmek we tokaýdan peýdalanmak bilen baglanyşygy bolmadyk gurluşyk hem-de partladyş işleri, peýdaly baýlyklary gazyp almak, kabel, truboprowodlary hem-de beýleki kommunikasiýalary geçirmek işi geçiriljek bolnanda, şol işler ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi, beýleki dahylly ministrlikler bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda geçirilýär.

Ýokarda görkezilen işler geçirilende, ol tokaýlaryň ýangyna garşy göreş we sanitariýa ýagdaýynyň, şeýle hem olary üznüksiz köpeltmek şertleriniň ýaramazlaşmagyna getirýän usullar bilen ýerine ýetirilmeli däldir.

9-njy madda. Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine täsir edýän kärhanalary, desgalary hem-de beýleki obýektleri proýektirlemek we gurmak hem-de ulanmak

Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine täsir edýän täze hem-de rekonstruktirlenýän kärhanalar, desgalar we beýleki obýektler proýektirlenende, gurlanda hem-de ulanylanda, şeýle hem täze tehnologik enjamlar ornaşdyrylandatokaýlara hapa suwuň, himiki maddalaryň, senagat we kommunal-durmuş zyňyndylarynyň hem galyňdylarynyň ýaramaz täsir etmeginden olary goramak çäreleri göz öňünde tutulmalydyr hem amala aşyrylmalydyr.

Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine täsir edýän kärhanalaryň, desgalaryň hem-de beýleki obýektleriň guruljak ýerleri, şeýle hem olary gurmagyň proýektleri Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunlaryna laýyklykda, döwletekologik ekspertizasyndan geçirilmelidir, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi hem-de beýleki dahylly organlar bilen ylalaşylmalydyr.

Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine edilýän ýaramaz täsirleriň öňüni alýan enjamlar bilen üpjün edilmedik täze hem-de rekonstruktirlenen obýektleri ulanmaga bermek gadagandyr.

II bölüm

TÜRKMENISTANYŇ HÄKIMIÝET WE DOLANDYRYŞ ORGANLARYNYŇ TOKAÝ BARADAKY GATNAŞYKLARY

DÜZGÜNLEŞDIRMEKDÄKI YGTYÝARLARY

10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň tokaý baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekdäki ygtyýarlary

Tokaý baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýaryna şular degişlidir: tokaýdan netijeli peýdalanmak, olary üznüksiz köpeldip durmak, abat saklamak we goramak baradaky döwletprogrammalaryny tassyklamak hem-de şolaryň ýerine ýetirilişine kontrollyk etmek, şol programmalary maliýeleşdirmek üçin tebigaty goramak fonduny döretmegiň we onuň serişdelerini peýdalanmagyň tertibini kesgitlemek;

döwletiň goranmagyny hem howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýuridik taraplara döwlet tokaý fondundan uçastoklar bermek;

tokaýdan peýdalanylanlygy üçin alynýan haky bellemek, tokaý resurslarynyň esasy görnüşleriniň ulanylanlygy üçin alynýan hakyň möçberini kesgitlemek;

tokaýlary belli bir topara degişli etmek;

tokaý fondunyň döwlet hasabyny, döwlet tokaý kadastryny we tokaýlaryň monitoringini ýöretmegiň ýeke-täk tertibini bellemek;

tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilip durulyşyna, abat saklanylyşyna we goralyşyna döwlet dolandyryşyny hem döwlet kontrollygyny guramak;

tokaý hojalygy babatyndaky halkara hyzmatdaşlygyny jemläp ugrukdyrmak we amala aşyrmak.

11-nji madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň tokaý baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekdäki ygtyýarlary

Tokaý baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlaryna şular degişlidir:

döwlet tokaý fonduna degişli tokaýlara we meýdanlara eýelik etmek hukugy baradaky döwlet aktlaryny resmileşdirmek hem bellige almak (registrirlemek);

daşary ýurt ýuridiki we fiziki taraplaryna tokaý resurslaryndan peýdalanmak hukugyna ygtyýar bermek;

Türkmenistanyň Ýer hakyndaky kodeksine laýyklykda, tokaý fonduna degişli ýerlerden ýer uçastoklaryny bermek we yzyna almak;

tokaý kadastry we tokaý hasaba alyş dokumentleriniň ýöredilmegini guramak;

tokaýdan peýdalanylanlygy üçin hak almak;

tokaýlaryň peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine, abat saklanylyşyna we goralyşyna döwlet kontrollygyny guramak;

tokaý hojalygyny ösdürmek hem-de tokaýdan peýdalanmak programmalaryny işläp taýýarlamak hem-de olaryň ýerine ýetirilmegini guramak;

kärhanalar, edaralar, guramalar ekologik talaplary bozan wagtynda, olaryň hojalyk işini 10 güne çenli togtatmak;

tokaýlaryň dikeldiş maksatlary hem-de awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin ulanylyşyny düzgünleşdirmek.

III bölüm

TOKAÝDAN PEÝDALANMAK, OLARY ÜZNÜKSIZ KÖPELTMEK, ABAT SAKLAMAK WE GORAMAK BARADAKY DÖWLET DOLANDYRYŞY HEM-DE DÖWLET KONTROLLYGY

12-nji madda. Tokaýdan peýdalanmak, olary üznüksiz köpeltmek, abat saklamak we goramak baradaky döwlet dolandyryşy

Tokaýdan peýdalanmak, olary üznüksiz köpeldip durmak, abat saklamak we goramak baradaky döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrdigi tarapyndan, şeýle hem ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlary tarapyndan Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine, abat saklanylyşyna we goralyşyna döwlet kontrollygy

Tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine, abat saklanylyşyna we goralyşyna döwlet kontrollygynyň wezipesi tokaý baradaky kanunlaryň ähli ýuridiki taraplar hem-de graždanlar tarapyndan berjaý edilmegini üpjünetmekden ybaratdyr.

Tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdadanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine, abat saklanylyşyna we goralyşyna döwlet kontrollygyny ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi amala aşyrýarlar.

Tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine, abat saklanylyşyna we goralyşyna döwlet kontrollygyny etmegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

14-nji madda. Tokaý monitoringi

Tokaý monitoringi tokaýlary netijeli dolandyrmak, peýdalanmak, üznüksiz köpeltmek, abat saklamak we goramak maksady bilen döwlet tokaý fondunyň ýagdaýyna hem-de üýtgeýşine syn etmek, baha bermek we öňünden çaklamaksistemasyny öz içine alýar. Tokaý monitoringiniň düzümini we mazmunyny Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi belleýär.

IV bölüm

DÖWLET TOKAÝ FONDUNYŇ UÇASTOKLARYNA

EÝELIK EDÝÄNLERIŇ HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ TOKAÝ RESURSLARYNDAN PEÝDALANYJYLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

15-nji madda. Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänleriň hukuklary we borçlary

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänleriň şu aşakdakylara haky bardyr:

tokaý fondunda hojalygy özbaşdak ýöretmäge;

tokaýdan peýdalanmaga we gaýry hojalyk işlerini amala aşyrmaga;

tokaý fondundaky ýerlerden, umumy ýaýran ýerasty peýdaly magdanlardan, suw obýektlerinden we haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde peýdalanmaga;

taýýarlan tokaý önümlerine hem-de tokaý fonduny peýdalanmagy netijesinde alan girdejisine eýeçilik hukugyny edinmäge;

tokaý gurluşygy baradaky proýektlere laýyklykda, tokaýdan peýdalanmak işini amala aşyrmak üçin ýollary, ýaşaýyş we hojalyk jaýlaryny we zerur bolan beýleki obýektleri gurmaga;

kärhanalara, edaralara, guramalara we graždanlara tokaýdan peýdalanmak hem-de gaýry hojalyk işlerini alyp barmak hukugyny bermäge.

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänler şu aşakdakylara borçludyrlar:

tokaýlaryň üznüksiz köpeldilip durulmagyny, abat saklanmagyny, goralmagyny, tokaýlaryň sanitariýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, olara ideg edilmegini, tokaýlaryň önümliliginiň we tokaý topragynyň gurplulygynyň artdyrylmagyny, tokaýdan peýdalanmak işiniň guralmagyny, tokaýlaryň hasaba alynmagyny hem-de tokaý hojalygyny ýöretmek baradaky beýleki borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

tokaýyň agaç resurslaryndan we beýleki ösümlik resurslaryndan ylmy esasda kesgitlenen normalaryň çäklerinde peýdalanmaga;

iş alnyp barlanda, ony tokaýyň sreda dörediji we sreda goraýjy häsiýetleriniň saklanmagyny üpjün edýän usullar bilen ýerine ýetirmäge.

16-njy madda. Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik etmek hukugynyň ýatyrylmagy

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik etmek hukugy aşakdaky halatlarda ýatyrylýar:

tokaý fondunyň uçastoklary özleriniň eýelik etmegine berlen birleşikler, edaralar, guramalar öz işlerini bes eden wagtynda;

döwlet tokaý fondunyň uçastoklary öz niýetlenilişi ýaly ulanylmadyk wagtynda;

döwlet tokaý fonduna degişli ýerler döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin bellenen tertipde alnan wagtynda.

Tokaý hojalygynyň paýhassyz ýöredilmegi netijesinde tokaýlaryň ýagdaýy we hili ýaramazlaşan wagtynda hem döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik etmek hukugy ýatyrylyp bilner.

17-nji madda. Tokaý resurslaryndan peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary

Tokaý resurslaryndan peýdalanyjylaryň aşakdakylara haky bardyr:

tokaýdan peýdalanmak üçin uçastoklary tebigy görnüşinde bölüp bermäge;

bellenen tertipde ýol çekmäge, önümçilik we hojalyk jaýlaryny gurmaga, olarda enjam oturtmaga.

Tokaý resurslaryndan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

bölünip berlen uçastoklary has doly hem netijeli peýdalanmaga;

iş alnyp barlanda, ony tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine ýaramaz täsir etmez ýaly usullar bilen ýerine ýetirmäge;

ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmäge, iş alnyp barylýan ýerlerde ýangyna garşy göreş çärelerini geçirmäge, tokaý ýangynlary dörän mahalynda bolsa olary söndürmäge;

agaç çapylan ýerlerde galan agaç böleklerini aýryp arassalamaga hem-de şol ýerleri niýetlenilişi ýaly ulanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmäge.

18-nji madda. Tokaý resurslaryndan peýdalanmak hukugynyň ýatyrylmagy

Tokaý resurslaryndan peýdalanmak hukugy aşakdaky halatlarda ýatyrylýar:

tokaýdan peýdalanmakdan meýletin ýüz dönderilen wagtynda;

tokaýdan peýdalanmak barada berlen hukugyň möhleti gutaran mahalynda;

tokaýdan peýdalanmak işini amala aşyrýan ýuridik taraplar öz işini bes eden wagtynda;

tokaýdan peýdalanmak işi tokaýdan peýdalanmak barada bellenen tertibiň bozulmagy arkaly amala aşyrylan wagtynda;

tokaýdan peýdalanmak işi geçirilende ol tokaýyň hem-de beýleki tebigy obýektleriň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilmegine ýaramaz täsir edýän, tokaýyň ekologik täsirini peseldýän, toprak eroziýasynyň döremegine getirýän usullar bilen ýerine ýetirilende;

tokaýdan peýdalanylanlygy üçin tölenmeli hak bellenen möhletde tölenmese;

tokaý fondunyň ýerleri döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin bellenen tertipde alnan wagtynda.

Türkmenistanyň kanunlarynda tokaý resurslaryndan peýdalanmak hukugyny ýatyrmagyň beýleki halatlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

19-njy madda. Graždanlaryň tokaýda bolmagy

Graždanlaryň tokaýda arkaýyn gezmäge haky bardyr. Graždarlar tokaýy medeni-sagaldyş maksatlary üçin, dynç almak, turizm we syýahat etmek üçin peýdalanýarlar.

Graždanlar tokaýda ýangyn howpsuzlygy baradaky talaplary berjaý etmäge borçludyrlar, iri we gyrymsy agaçlary döwmeli, çapmaly, tokaýy hapalamaly däldirler, garynja hinlerine, guş höwürtgeleri ne zeper ýetirmeli däldirler hem-de şuKodeksiň 29-yjy maddasynda göz öňünde tutulan beýleki düzgün bozmalara ýol bermeli däldirler.

V bölüm

TOKAÝDAN PEÝDALANMAK

20-nji madda. Tokaýdan peýdalanmagyň görnüşleri

Tokaýlarda, şeýle hem tokaý fondunyň tokaý bilen örtülmedik ýerlerinde, kanunlarda göz öňünde tutulan talaplar we şertler berjaý edilen wagtynda tokaýdan şu aşakdaky görnüşlerde peýdalanmak bolar:

agaç taýýarlamak;

ikinji derejeli tokaý materiallaryny (töňňe, agaç gabygy) taýýarlamak;

tokaý agaçlaryny taýýarlamaga degişli bolmadyk başga maksatlar üçin peýdalanmak - ot ýatyrmak, mal bakmak, bal ary gapyrjaklaryny (öýjüklerini), balçylyk hojalygyny ýerleşdirmek, ýabany miweleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri, dermanlyk ösümlikleri we tehniki çig maly taýýarlamak we ýygmak. Tokaý fonduna degişli ýerleriň hataryna girýän oba hojalyk meýdanlarynda ot ýatyrmak we mal bakmak işi tokaý hojalygynyň bähbitleri nazarda tutulyp, Türkmenistanyň Ýerhakyndaky kodeksiniň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar;

tokaýdan ylmy-barlag maksatlary üçin peýdalanmak;

tokaýdan medeni-sagaldyş maksatlary üçin peýdalanmak;

tokaýdan awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak;

Türkmenistanyň kanunlarynda tokaýdan peýdalanmagyň başga görnüşleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

21-nji madda. Tokaýdan peýdalanmagyň normalary

Tokaýdan peýdalanmak işi tokaý gurluşygynyň, tokaý fonduny inwentarizasiýalaşdyrmagyň we barlamagyň materiallary esasynda ylmy taýdan esaslandyrylyp kesgitlenilýän normalaryň çäklerinde geçirilýär.

Agaç taýýarlamak üçin tokaýdan esasy peýdalanmagyň her ýyllyk normasy - agaçlary hasaply çapmak (agaç çapmak fondy) tokaý fondunyň uçastoklary özleriniň eýeliginde durýan her bir kärhana, edara, gurama boýunça, aýratynlykda hojalyklar boýunça uzak döwre bellenýär hem-de Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Agaç taýýarlamak (agaç çapmak, tokaýa ideg-garaw etmek, sanitariýa jähetden agaç çapmak hem-de hojalyk taýdan kän ähmiýeti bolmadyk, özüniň meýdan we suw gorag häsiýetlerini we beýleki häsiýetlerini ýitirip barýan tokaý agaçlarynytäzelemek bilen baglanyşykly agaç çapmak) üçin tokaýdan aralyk peýdalanmagyň her ýyllyk normasy tohumynyň we sanitariýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna mätäç bolan agaçlaryň mukdaryndan ugur alnyp bellenýär.

Agaçlaryň hasaply çapylmagyny kesgitlemegiň we tassyklamagyň, agaç taýýarlamak, beýleki agaç materiallaryny, tehniki çig maly hem-de agaç däl tokaý resurslaryny taýýarlamak üçin tokaýdan aralyk peýdalanmagyň tertibini Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi belleýär.

22-nji madda. Türkmenistanda tokaýdan peýdalanmak hukugynyň berilmegi

Şu Kodeksiň 19-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda, Türkmenistanda tokaýdan peýdalanmaga diňe aýratyn rugsat agaç çapmak bileti (orderi) ýa-da tokaý bileti boýunça hukuk berilýär. Agaç çapmak biletini (orderini) ýa-da tokaý biletini tokaý fondunyň uçastoklary özleriniň eýelik etmegine berlen kärhanalar, edaralar we guramalar berýärler hem-de ol tokaýdan peýdalanmak işini geçirmek üçin zerur bolan tokaý fondunyň uçastogyny peýdalanmaga hukuk berýär. Agaç çapmak bileti (orderi) ýa-da tokaý bileti tokaýdan nähili tertipde peýdalanmaly diýlip berlen bolsa, döwlet tokaý fondunyň degişli uçastoklarynda diňe şoltertipde peýdalanylyp bilner.

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklary özleriniň eýelik etmegine berlen kärhanalar, edaralar we guramalar tokaýdan peýdalanmak işini geçirenlerinde tokaýdan peýdalanmak hukugyny umumy esaslarda resmileşdirmäge borçludyrlar.

Turistik lagerleri, dynç alyş bazalaryny we beýleki kömekçi obýektleri düýpli tipde bolmadyk binalar bilen ýerleşdirmegiň tertibini Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi ýerli ýerine ýetirijihäkimiýet organlary bilen ylalaşyp belleýär.

Awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin tokaý ýerlerinden peýdalanmak hukugyny bermegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

VI bölüm

TOKAÝ GURLUŞYGY, TOKAÝ FONDUNYŇ DÖWLET HASABYNY WE DÖWLET KADASTRYNY ÝÖRETMEK

23-nji madda. Tokaý gurluşygy

Tokaý gurluşygy tokaý hojalygyny netijeli ýöretmek we tokaýlardan ýerlikli peýdalanmak, talaba laýyk üznüksiz köpeldip durmak, tokaýlary abat saklamak we goramak, tokaý hojalygynda ýeke-täk ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek işleriniňüpjün edilmegine gönükdirilen çäreler sistemasyny öz içine alýar.

Tokaý gurluşygynyň materiallarynda tokaý hojalygynyň geçen döwürde ýöredilişine we tokaýdan peýdalanyşyna kompleksleýin baha berilýär hem-de ýakyn wagtda we perspektiwada tokaý hojalygyny guramak hem ösdürmek baradaky esasy düzgünler berilýär.

Tokaý gurluşygynyň materiallary tokaý hojalygyny ýöretmek we tokaýdan peýdalanmak işini geçirmek, gysga we uzak möhletleýin planlaşdyrmak hem-de çaklamak üçin esasy normatiw-tehniki dokumentler bolup hyzmat edýär.

Tokaý gurluşygy Türkmenistanyň döwlet tokaý fondunyň bütin territoriýasynda Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi tarapyndan geçirilýär.

24-nji madda. Tokaý fondunyň döwlet hasabyny we döwlet tokaý kadastryny ýöretmek

Döwlet tokaý fondüny netijeli peýdalanmagy guramak, tokaýlary üznüksiz köpeltmek, olary abat saklamak we goramak üçin, tokaýlaryň mukdar hem hil taýdan üýtgeýşine birsyhly gözegçilik edip durmak üçin tokaý fondunyň döwlet tokaýkadastry ýöredilýär.

Tokaý fondunyň döwlet hasaby we döwlet tokaý kadastry tokaý gurluşygynyň, tokaýlary inwentarizasiýalaşdyrmagyň we barlamagyň materiallary esasynda ýöredilýär.

Döwlet tokaý kadastry tokaý fondunyň hukuk düzgüni, ony eýelik edýänlere paýlap bermek, tokaý fondunyň mukdary we hili, tokaýlary toparlara we gorag kategoriýalaryna bölmek, olara ykdysady baha bermek hakyndaky maglumatlar sistemasyny hem-de tokaý hojalygyny netijeli ýöretmek we paýhasly peýdalanmak, tokaý fondunda alnyp barylýan hojalyk işiniň netijelerine baha bermek üçin zerur bolan beýleki maglumatlary öz içine alýar.

Tokaý fondunyň döwlet hasabyny we döwlet tokaý kadastryny Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi ýöredýär. Tokaý fondunyň döwlet hasabynyň we döwlet tokaý kadastrynyň dokumentasiýasy tokaý fondlarynyň uçastoklary özleriniň eýelik etmegine berlen ähli kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan ýöredilýär.

VII bölüm

TOKAÝLARY ÜZNÜKSIZ KÖPELTMEK WE OLARYŇ ÖNÜMLILIGINI ARTDYRMAK

25-nji madda. Tokaýlary öňki kaddyna getirmek

Tokaýlary öňki kaddyna getirmek işi tokaýly ýerlerde geçirilýär, şunda aşakdaky esasy talaplar berjaý edilmelidir:

agajy çapylan ýerleri hem-de tokaýsyz ýerleri tokaý ösümlik şertlerini nazara alyp, hökmany suratda tokaýlyga öwürmek;

agaçlaryň tohumyny gowulandyrmak hem-de tokaýlaryň önümliligini, olaryň gorag we sreda dörediji häsiýetlerini artdyrmak;

tokaýlaryň tebigy köpeliş ukybyny mümkingadar peýdalanmak;

tokaýlaryň genetiki fonduny we biologik taýdan köpdürliligini saklamak.

Agajy çapylan ýerleri hem-de iri we gyrymsy agaç ösümlikleri bilen örtülmedik beýleki kategoriýadaky tokaý ýerlerini tokaýlyga öwürmegiň tertibini hem-de möhletlerini Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrligi ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen ylalaşyp belleýär.

Tokaýlary öňki kaddyna getirmek işiniň möçberi tokaý gurluşygynyň materiallary esasynda kesgitlenýär, ykdysady we sosial ösüş planlarynda göz öňünde tutulýar hem-de döwlet býujetiniň serişdeleriniň we beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Tokaýlary öňki kaddyna getirmek işi tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänleriň üstüne ýüklenýär. Tokaýlary öňki kaddyna getirmek işine tokaý resurslaryndan peýdalanyljylar şertnama esasynda çekilip bilner.

26-njy madda. Tokaý agaçlaryny ekmek

Tokaý agaçlaryny ekmek-oturtmak işi territoriýalaryň tokaýlylygyny artdyrmak, eroziýa hadysalarynyň öňüni almak, ekologiýa ýagdaýyny hem-de agro-tehniki tokaý meliorasiýasyny gowulandyrmak maksady bilen tokaýsyz ýerlerde geçirilýär.

Oba hojalyk hajatlary w beýleki hajatlar üçin niýetlenen, ýöne ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary tarapyndan agaç ekmek üçin berilýän ýerler döwlet tokaý fonduna degişli ýerleriň düzümine girizilýär. Tokaý agaçlaryny ekmek işi ýörite programmalar we proýektler esasynda geçirilýär. Şol programmalary we proýektleri bolsa Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler kabineti tassyklaýar hem-de agaç ekmek işi döwlet tokaý fondunyň uçastoklary özleriniň eýelik etmegine berlen kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň üstüne ýüklenýär.

27-nji madda. Tokaýlaryň önümliligini we hilini ýokarlandyrmak

Tokaýlaryň önümliligini ýokarlandyrmak, olaryň tohumyny hem hilini gowulandyrmak üçin döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänler şu aşakdakylara borçludyrlar:

seleksiýa, tokaý tohumçylygy işini geçirmäge hem-da hojalyk taýdan has gymmatly tohum agaçlary synag etmäge, plantasiýa agaçlyklaryny döretmäge, tokaý agaç tohumlaryny raýonlaşdyrmagyň talaplaryny berjaý etmäge;

tokaýa ideg etmek üçin agaç çapmak, sanitariýa maksatlary üçin agaç çapmak işiniň öz wagtynda geçirilmegini, tokaýy ösdürip ýetişdirmegiň netijeli tärleriniň (tehnologiýalarynyň) ornaşdyrylmagyny, hojalyk jähtinden gymmaty pes we meýdan-suw goragy häsiýetlerini hem-de gaýry häsiýetlerini ýitirýän tokaýlaryň rekonstruksiýalaşdyrylmagyny, gidrotokaý melioratiw we gaýry tokaý hojalyk çäreleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge.

VIII bölüm

TOKAÝLARY ABAT SAKLAMAK WE GORAMAK

28-nji madda. Tokaýlary abat saklamagyň we goramagyň maksady hem wezipeleri

Türkmenistandaky tokaýlaryň ekologiki we sosial-ykdysady talaplara laýyk gelýän ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmek maksady bilen olar goralyp abat saklanmalydyr.

Tokaýlary abat saklamak we goramak işi döwlet, regional, ýerli programmalar esasynda geçirilýär hem-de bu iş tokaý fondunyň netijeli peýdalanylmagyny üpjün edýän, olaryň weýran edilmegine, zeper ýetirilmegine, hapalanmagyna hem-de gaýry zyýanly täsirleriň ýetirilmegine ýol bermeýän hem-de tokaýlaryň biologik we regional aýratynlyklary nazara alnyp geçirilýän guramaçylyk, ykdysady, hukuk çäreleriniň hem-de beýleki çäreleriň kompleksini öz içina alýar.

29-njy madda. Tokaý fonduna eýelik edýänleriň tokaýlary abat saklamak we goramak baradaky borçlary

Tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänleriň üstüne aşakdaky wezipeler ýüklenýär:

onuň territoriýasynda ýangyna garşy göreş enjamlaryny gurmak;

tokaýlarda ýangyn howpsuzlygy baradaky talaplaryň bozulmagynyň öňüni almak, ony ýüze çykarmak we oňa ýol bermezlik;

tokaý fondunyň içinden ýangyn geçen territoriasyny zerur bolan mahalynda arassalamak.

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna, eýelik edýänler tokaýy ýangyndan goramak çärelerine döwlet tokaý hojalyk organlarynyň mehanizirlenen gulluklaryny bellenen tertipde çekip bilerler, şeýle hem tokaý fonduny ýangyndan goramak borjuny tokaý resurslaryndan peýdalanyjylara berip bilerler.

Döwlet tokaý fondunyň uçastoklaryna eýelik edýänleriň üstüne tokaýlary şu aşakdakylardan goramak wezipesi ýüklenip bilner:

Ссылается на